Sepleriň elýeterliligi

Bosniýanyň musulman lideri Serbiýa ilkinji saparyny edýär


Bosniýanyň umumy prezidentliginiň musulman agzasy Haris Silaýžiç 25-nji maýda Belgrada ilkinji resmi saparyny edýär.

Onuň wekili Damir Arnaut bu saparyň Silaýžiçiň Belgrada 1992-95-nji ýyllyryň urşy gutaraly bäri ilkinji barşy boljagyny aýtdy.

Silaýžiç Belgrada sapary mahalynda öz serb kärdeşi Boris Tadiç bilen duşuşar.

Silaýžiç ozal Belgrada serb syýasatçylarynyň Bosniýada edilen uruş jenaýatlary baradaky garaýşy üýtgeýänçä barmajagyny aýdypdy.

Serb parlamenti mart aýynda 1995-nji ýylda bosniýaly serb güýçleriniň Srebrenikada 8 müň çemesi musulman erkegini gyrmagyny ýazgarýan jarnama kabul etdi.
XS
SM
MD
LG