Sepleriň elýeterliligi

Pakistanda “Facebook” we “Youtube” gadagan


Pakistanyň hökümeti “Facebook” we “Youtube” ýaly websaýtlaryň ýurtda gadagan edilýänligini yglan etdi. Bu çäräniň maksady Muhammet pygamberiň şol websahypalarda çap edilen karikaturalarynyň ilata ýetmeginiň öňüni almak.


Agzalýan internet sahypalary Pakistanda iň meşhur saýtlardan biri bolup, tutuş ýurt boýunça internet ulanyjylaryň jemi 25%-niň her gün şol saýtlara girýänligi aýdylýar.

Pakistanyň aragatnaşyk boýunça edarasynyň metbugat wekili Hurram Mehran “Facebook” saýtynda garşy girizilen gadagançylygyň 31-nji maýa çenli dowam etjekdigini aýtdy. “Youtube” saýtynyň indi haçan açyljagy anyk däl.

Bu gadagançylyk “Facebook” saýtynyň Günbatardaky ulanyjylary tarapyndan 20-nji maýda “Hemmeler Muhammet güni hakda karikatura çeksin” diýen kampaniýanyň ýola goýulmagyna garşy girizildi.

Yslam dini islendik pygamberiň suratynyň çekilmegini olara garşy hormatsyzlyk hökmünde häsiýetlendirýär. 2006-njy ýylda Muhammet pygamberiň karikaturasynyň käbir Ýewropa gazetlerinde çap edilmegine garşy musulmanlar tutuş dünýäde protest gurnapdylar.

Haýsydyr bir topar tarapyndan “Facebook” saýtynda alnyp barylýan häzirki kampaniýa hem internet ulanyjylaryň belli bir böleginiň bu mesele bilen bagly dowam etdirýän işidir.

Şol topar mundan ozal Muhammet pygamberiň karikaturalaryny çeken suratkeşlere ekstremistler tarapyndan atylýan haýbata garşy bileleşmegi maksat edinýänligini aýdypdy.

Bu çäräni goldaýanlar bu barada näçe haýbat atylsa-da, özleriniň şol dereje-de Muhammet pygamberiň suratlaryny köp çekjekdiklerini aýdyp, çykyş edýärler.

“Facebook” saýtynda döredilen şol topar internet ulanyjylara 25-nji aprelden başlap, Muhammet pygamberi suratlandyrýan karikaturalary çekip, şol saýta ibermegi teklip edip gelýär. Olar bu çäräniň maksadynyň ekstremistlerden gorkmaýanlygyny görkezmekden ybaratdygyny aýdýarlar.

Bu kampaniýany alyp baryjylardan biri “Youtube” saýtynda goýlan ýazgyda bu barada şeýle diýýär: “Mundan bäş ýyl ozal olar suratkeşlere haýbat atyp, söz azatlygyna garşy alyp barýan göreşlerinde ýeňdiler, olar suratkeşlere ölüm howpuny salyp, olaryň kellelerine baha kesdiler. Emma olaryň bu ýeňşi gahar-gazabyň döremegine we onuň barha möwjemegine sebäp boldy, häzirki döwürde olar öz ekenini ormaly, şu mahal Muhammediň müňlerçe suraty bar” diýlip, şol ýazgyda aýdylýar.

Iki tarap hem aýyplanýar

Şol wideo ýazgyda 2006-njy ýylda suratkeşlere garşy atylan haybatlar bilen bagly Günbataryň ýeterlik berk pozisiýany eýelemänligi aýdylyp, ol hem tankyt edilýär. Pakistandaky aram musulmanlar bolsa bu dartgynlylykda iki tarapy hem aýyplap, olaryň adamlaryň arasynda dine ýigrenç döredýänligini belleýärler.

Pakistanyň Karaçi şäherinde çarşenbe güni geçirilen proteste gatnaşan Durdana Sidiki atly zenan “Facebook” saýtynda başlanan şol kompaniýanyň Günbatar bilen musulmanlaryň arasynda dini ylalaşmazlyklary barha artdyrjakdygyny öňe sürýär: “Dini çydamlylyk üçin, biziň biri-birimiziň dinimize we dini ynançlarymyza hormat etmeklik zerur. Şeýle edilmedik halatynda dünýä musulman älemi tarapyndan beriljek jogaba taýýar bolmaly”.

Adynyň agzalmagyny islemedik pakistanly alym, Azatlyk Radiosynyň Pakistan gullugyna beren interwýusynda internetde başlanan bu kampaniýanyň ekstremistleriň pozisiýasyny güýçlendirjekdigini aýtdy: “Facebook sosial aragatnaşyk saýtydyr, şol ýerde biziň ýaly alymlar dürli meseleler hakda öz pikirlerini aýtmaga pursat tapýarlar. Biz ol maglumatlary okap, islendik mesele hakda pikir alyşýarys. Biz musulmanlar gaty duýguçyl adamlar, şonuň üçin syýasy we dini toparlar tarapyndan ýaýradylýan şeýle maglumatlara ynanýarys we haýbatlara boýun egýäris. “Facebook” saýtyny gadagan etmek we bu kampaniýa garşy protest gurnamaklyk logika gabat gelýän reaksiýa däl”.

“Facebook” saýtyndaky şol kampaniýanyň ÝB girýän ýurtlardan dolandyrylýanlygynyň anyk bolmagyna garamazdan, pakistanly aktiwistler bu çäräniň aňyrsynda ABŞ bilen Ysraýylyň bardygyny aýdýarlar.

“Facebook” saýtynyň jogapkärleri millionlarça ulanyjylardan diňe biriniň öz pikirini aýdanlygy üçin tutuş saýtyň Pakistanda gadagan edilmegini gynandyryjy fakt hökmünde häsiýetlendirýärler.
XS
SM
MD
LG