Sepleriň elýeterliligi

Meksika aýlagyndaky betbagtçylyk Hazara ünsi çekýär


Azerbaýjanda Hazar deňziniň kenaryndaky nebit önümçiligi

Azerbaýjanda Hazar deňziniň kenaryndaky nebit önümçiligi

Hazar deňziniň baý nebit-gaz çeşmelerinden peýdalanmak ugrundaky ýaryş zerarly onuň näzik tebigatyny goramaga häzire çenli, ýyllar boýy ähmiýet berilmedi.


Kenarýaka bäş döwlet: Azerbaýjan, Eýran, Gazagystan, Orsýet we Türkmenistan geljekde bu deňziň aşagyndaky 44 milliard barrel bardyr diýlip çaklanylýan nebitini gazyp almagy planlaşdyrýarlar. Bu hem haýsydyr bir hadysanyň ýüz berip, nebitiň suwa akmak howpuny, şonuň netijesinde-de ullakan tebigy betbagtçylygyň döremek ähtimallygyny artdyrýar.

Meksika aýlagyndaky ýakylýan nebtiň tüssesi
Azerbaýjanyň “Ýaşyllar partiýasynyň” ýolbaşçylarynyň biri Maýys Gülalyýew Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda adamlary bular ýaly howpuň hakykata öwrülmeginiň öňüni almaklyga çagyrdy.

“Meksika aýlagynda ýüz beren hadysa bular ýaly betbagtçylygyň her bir ýerde bolmagynyň mümkindigini görkezdi. Birleşen Ştatlar özüniň şol aňrybaş, döwrebap tehnologiýasy bilen bu betbagtçylygyň öňüni almakda kynçlyk çekýär. Onsoň bular ýaly hadysanyň Azerbaýjan ýaly ýurtlarda tebigata näderejede zyýan ýetirjekdigini özüňiz göz öňüne getirip bilýänsiňiz” diýip, Gülalyýew aýdýar.

Meksika aýlagyndaky nebit heläkçiligi köp ýurtlary bu howpdan habarly etdi. Mysal üçin, Orsýetiň döwlet Dumasy häzir suwlary nebitiň syzmagyndan goramak üçin ýörite kanun çykarmak barada pikir alyşýar.

Gazagystanyň premýer-ministri Kerim Masimow hem ýurduň nebit-gaz we tebigaty goramak baradaky ministrlerine nebit burawlaýjy platformalary pugta gözden geçirmek barada görkezme berdi.

Şübheli garalýar

Tebigaty goramak bilen gyzyklanýan hökümete degişli däl gurama "Krud Akkountebilitiniň" (Crude Accountability) ýerine ýetiriji direktory Kate Watters Gazagystanyň bu çäreleriniň netije berjegine şübheli garaýar.

“British Petroleum tutuş dünýäde iň gowy tehnologiýaly, ýaşyl kompaniýa diýlip tanalýar. Meksika aýlagynda häzir bolýan zatlara-da şolar jogapkär. Şular ýaly hadysa garşy göreşmek üçin olaryň öňden hiç bir taýýarlygy, plany ýok eken. Şol sebäpden Hazar deňzinde iş alyp barýan beýleki Günbatar kompaniýalary şular ýaly ýagdaýda şondan tapawutly hereket eder diýmäge hiç hili delil ýok. Gazak hökümetiniň edýäni dogry. Ýöne şular ýaly hadysa bolanda onuň aladasyny etmäge olarda mümkinçilik barmy? Ýok” diýip, Watters aýdýar.

Regionda iş alyp barýan energiýa kompaniýalary bolsa öz işlerinde howpsuzlygy üpjün etmek üçin elde baryny edýändiklerini aýdýarlar. Azerbaýjanda barýan buraw we önümçilik proýektleriniň köpüsine British Petroleum hem gatnaşýar.

“Bu barada arkaýyn boluň. Biz Hazar deňzindäki işlerimiziň hemmesinde tehniki howpsuzlygy üpjün etmek üçin ähli mümkin zatlary etdik we ederis. Biziň ileri tutup gelen zadymyz hemişe tehniki howpsuzlygy, adamlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek we tebigaty goramak boldy. Şeýle bolup hem galar” diýip, British Petroleum kompaniýasynyň Azerbaýjandaky metbugat gullugynyň wekili Tamam Baýatly aýdýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG