Sepleriň elýeterliligi

Pakistanda “YouTube” saýty täzeden açyldy


Anna güni Pakistanyň häkimiýetleri geçen hepde bu ýurtda ýapylan “YouTube” internet saýtynyň täzeden elýeterli edilendigini habar berdiler.

Ýöne, muňa garamazdan, “YouTube” saýtynyň dini dawalara degişli bölümleri Pakistanda henizem petiklenen bolmagynda galýar.

Geçen hepde Pakistanyň häkimiýetleri Muhammet pygamberiň mertebesini kemsidiji internet materiallarynyň bu ýurduň territoriýasynda görülmeginiň öňüni almak üçin, “YouTube” we “Facebook” saýtlaryny petikläpdiler.
XS
SM
MD
LG