Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet bilen ÝB ykdysadyýet barada maslahata başlaýar


Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew bilen ÝB-niň resmileri Orsýetiň Don boýundaky Rostow şäherinde sammite başladylar.

Prezident Dmitriý Medwedew sammitiň başynda çykyş edip, bu sammitde bir topar meselä, şol sanda wizasyz syýahat we rus ykdysadetini häzirki zamanyň talaplaryna laýyk ösdürmek barada maslahat ediljegini aýtdy.

ÝB-niň prezidenti Herman Wan Rompuý bu sammitiň Ýewropanyň kuwwatly bileleşige öwrülmek üçin öz ýoluny arçaýan kyn pursatyna gabat gelendigini aýtdy.

Bu sammit ÝB-niň agza döwletleriniň bergi krizisi bilen tutluşýan we harçlary azaldyp, berk çäreleri girizýän wagtyna gabat geldi.
XS
SM
MD
LG