Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan ýene «ýaramazlaryň» onlugynda


Düýbi Birleşen Ştatlarda ýerleşýän “Freedom House” (“Azatlyk öýi”) guramasy «Ýamanyň ýamany: dünýäniň iň repressiw döwletleri» diýen at bilen ýyllyk hasabatyny çap etdi. Hasabatda Türkmenistan syýasy hukuklar we graždan azatlyklary boýunça iň ýaramaz ýurtlaryň onlugyna girýär.

Lisa Muds “Azatlyk öýi” guramasynyň Ýewropa bölüminiň geçiş döwletleri boýunça neşirleriniň redaktory. Ol Türkmenistanyň 2009-njy ýylda dünýä ýurtlarynyň arasyndaky azatlygyň derejesi baradaky barlagda syýasy hukuklar boýunça 7, raýat azatlyklary boýunça hem 7, ýagny «azat däl» ýurtlara berilýän iň pes bahalary alandygyny aýdýar.

«Sistemalaýyn özgeriş ýok»

Hasabat Türkmenistanda 2007-nji ýylyň fewralynda geçirilen prezident saýlawlarynyň hem azat we adalatly bolmandygyny ýataladýar.

Lisa Muds geçen ýyl Türkmenistanda käbir ilerleme alamatlarynyň bolandygyny, ýöne bu ýurtda sistemalaýyn özgerişligiň görünmeýändigini nygtaýar.

«Biz sistemalaýyn özgeriş görmeýäris. Biz şindem söz azatlygynyň ýokdugyny, hökümetiň din azatlygyny çäklendirýänini, garaşsyz toparlaryň entegem ýanalýandygyny görýäris» diýip, Lisa Muds aýdýar.

Hasabat 2009-njy ýylda Türkmenistandaky iň soňky halkara jemgyýetçilik guramasynyň, «Serhetsiz lukmanlaryň» hem ýurtdan çykarylandygyny aýdýar.

Kanunlar syýasy hukuklary kepillendirýär, ýöne…

Elbetde, Türkmenistanyň syýasy hukuklar we raýat azatlyklary babatda ýylda iň pes bahalary almagynyň görnetin sebäpleriniň biri bu ýurtda diňe bir partiýanyň bolmagydyr.

Hasabat türkmen parlamentiniň 2008-nji ýylda tassyklan täze konstitusiýasynda syýasy partiýalary döretmek hukugynyň berilýändigini, emma ol ýerde hasaba alnan ýeke-täk partiýanyň, Türkmenistanyň demokratik partiýasynyň işleýändigini aýdýar.

Şeýle-de hasabat Türkmenistanda korrupsiýanyň giň ýaýrandygyny, hökümet işine bellenjek adamlaryň özlerine köplenç para bilen ýol açmaly bolýandygyny belleýär.

Ozalky prezident S. Nyýazowyň ölüminden soň häkimiýet başyna gelen G.Berdimuhamedow 2008-nji ýylyň maýynda şeýle diýipdi: «Biziň ýurdumyz her bir raýata Konstitusiýamyzda, kanunlarymyzda we halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kararlarynda bellenen hukuklary we azatlyklary kepillendirýär.»
Ylymlar Akademiýasynyň dikeldilmegi kiçi, ýöne bilim reformasyna tarap gowy ädim boldy.


Ýöne bu kepillendirme, hasaba alynmadyk «Bähbit» partiýasynyň lideri Sazak durdymyradowyň tassyklamagyna görä, kagyz ýüzünde galýar.

Eýse, ýurtda syýasy hukuklaryň we raýat azatlyklarynyň tas şol bir çäklendirilen ýagdaýynda galmagynyň sebäbi näme?

Lisa Muds bu soraga anyk jogap bermegiň kyndygyny aýdýar. Ýöne ol bu ýerde esasy meseläniň ykdysady bähbitleriň hukuklardan we azatlyklardan ýokary goýulmagy bilen bagly bolmagynyň mümkindigini çaklaýar.

«Men prezident ýurt içinde syýasy-ykdysady özgerişlikleri geçirmäge garanda öz ýurdunyň gaz eksport ýollaryny artdyrmaga has köp gyzyklanýan ýaly görýärin» diýip, Lisa Muds aýdýar.

«Türkmenistanda Ylymlar Akademiýasynyň dikeldilmegi kiçi, ýöne bilim reformasyna tarap ädilen gowy ädim boldy» diýip, hasabat belleýär. Ýöne, ýuwaş-ýuwaşdan öňki ähmiýetini ýitirýänligine garamazdan, hasabatda S. Nyýazowyň «Ruhnamasynyň» henizem ylym-bilim azatlygyny çäklendirýändigi hem ýatladylýar.

Türkmenistanyň türme, tussaglyk şertleri

Hasabat häkimiýetleriň açyk we adalatly sud prosesi, graždaniniň özüni goramak hukuklary bilen bagly kanunlary hem berjaý etmeýändigini, sudlaryň garaşsyz däldigini, sudýalary prezidentiň işe belleýändigini we aýyrýandygyny aýdýar.

Elbetde, türmeleriň tussagdan hyryn-dykyndygy, ol ýerde kadaly naharlanmak, saglyk hyzmatyny almak mümkinçilikleriniň ýoklugy, halkara guramalarynyň garaşsyz synçylarynyň türkmen türmelerine goýberilmezligi hem Türkmenistanyň hukuklar boýunça pes baha almagynyň bir sebäbi bolup durýar.

Ýöne bir täzelik, hasabatyň çap edilen güni (3-nji iýun) “Halkara Gyzyl haç” komitetiniň regional wekilhanasynyň başlygynyň orunbasarynyň Türkmenistana gelendigi habar berildi.

Graždan aktiwistiniň aladasy

Eger prezident Berdimuhamedowyň biraz öň köppartiýalylyk barada söz açyp, bu barada ýörite kanunçylygyň döredilmegine çagyrandygyny ýatlasak, resmi Aşgabat syýasy hukuklary giňeltmek barada nähilem bolsa pikirlenýär.

Golaýda geçen Ýaşulular maslahatynda gelnen karara görä, ýurtda ikinji partiýanyň işe başlajak günleri daş däl ýaly. Mundanam başga, prezident kanunlary liberallaşdyrmak, türme, tussag meselelerine jemgyýetçiligiň gözegçiligini artdyrmak, aklawçylaryň roluny ýokarlandyrmak hakynda hem umytlandyryjy pikirleri aýtdy.

Ýöne bäherdenli graždan aktiwisti Sazak Durdymyradow ýokardan, prezident derejesinde orta atylýan liberal pikirleriň aşakdan, halk içinden çykýan inisiatiwalary basyp ýatyrmak üçin ulanylmagyndan alada bildirýär.

Eýse, Türkmenistanda syýasy hukuklaryň we graždan azatlyklarynyň ýagdaýynyň gowulanmagy üçin nämeler edilmeli?

“Freedom House” guramasynyň eksperti Lisa Muds «ýamanyň ýamany» diýen baha berilýän ýurduň ýagdaýynda islendik görnüşdäki reformanyň gowy garşylanjagyny aýdýar.

Lisa Mudsuň pikiriçe, eger hökümet «Saýlaw sistemasynyň erkinleşdirilmegi, açyk, azat bäsleşige rugsat bermek, halkara synçylarynyň ýurda gelmegine ýol bermek, raýat jemgyýeti toparlaryna işlemäge şert döretmek ýaly mümkinçilikleri peýdalansa», ýurtda syýasy hukuklaryň, raýat azatlyklarynyň derejesi görnetin ýokarlanardy.
XS
SM
MD
LG