Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Türkmenistanyň prezidentiniň kararyna laýyklykda birinji aprelden etrap merkezlerindäki kitaphanalar işe başlady. Indi olar etrap medeniýet merkezleriniň düzüminden aýrylyp, özbaşdak edara boldular.

Şonuň ýaly-da, prezidentiň karary bilen etrap, şäher merkezi kitaphanalarynyň her birini 500 nusga kitap bilen üpjün etmek «Galkynyş» kitap merkeziniň üstüne ýüklenildi.

Bilşimiz ýaly, Garaşsyzlyk ýyllarynda oba, şäher kitaphanalary ýapylyp, olaryň fondlary dargadylypdy, negözel kitaplaryň oda ýakylan ýerleri-de bolupdy. Hatda merkezi kitaphanalardan «gerekmejek» hasaplanan kitaplar deger-degmezine satylypdy, ýok edilipdi. Munuň özi kitaphanaçylyk işine, halkyň aň-düşünjesine urlan aýylganç zarba bolupdy.

Bu aýylganç zarbadan aýňalmak üçin ýyllar gerek bolar, eger şu meselede oýlanyşykly çemeleşilmese, onda «okan namazymyz—ürküzen gurbagamyza» degmez. Ýagny, prezidentiň etrap merkezi kitaphanalaryny döretmek, olary kitap fondy bilen üpjün etmek baradaky gowy karary püçege çykar!

Kitaphana kitaplar bilen kitaphana!

Näme üçin beýle kesgitli netijä gelýäris? Sebäbi kitaphana kitaplar bilen kitaphana! Otsuz ojagy göz öňüne getirip görüň! Birinji aprelden işe başlan biziň kitaphanalarymyz hem otsuz ojagy ýatladýar.

Garaşsyzlyk ýyllarynda, esasan, Saparmyrat Nyýazowyň ady bilen çykarylan kitaplar, şonuň ýaly-da, onuň bilen baglanyşykly kitaplar neşir edildi. Häzirki döwürde-de syýasy neşirlere bat berilýär. Klassyk edebiýatdan bäş-on sany kitap çykaryldy. Olaryň-da tiražy sähelçe. Olaryň tiražy etrap merkezi kitaphanalarynyň kitap üpjünçiligine goşant bolardan bärden gaýdýar.

Kitaphana hakyky kitaphana boljak bolsa, onda olaryň tematiki örüsi örän giň bolmalydyr. Şeýle medeni ojaklarda syýasy, taryhy, ylmy-publisistiki, filosofiki eserler bilen birlikde çeper edebiýatlar hem bolmalydyr. Çeper edebiýatyň görnüşi hem kändir. Roman, powest, hekaýa, poema, goşgy, satira, ýumor…Üstesine-de şol eserler dürli taryhy döwri öz içine almalydyr.

Täze etrap merkezi kitaphanalarynda gadymy türkmen taryhyndan häzirki döwrüň taryhyna çenli monografiýalar bolmalydyr. Türkmen dili bilen baglanyşykly her dürli ylmy derňewli kitaplar bolmalydyr.

Aladasyny edip başlamaly

Hany, dürli döwürlerdäki türkmen ýazyjy-şahyrlarynyň eserleri? Sowet hökümeti döwründe olar kirill elipbiýinde çapdan çykarylypdy. Kirill elipbiýindäki kitaplary ýaş nesil okap bilenok. Okamak isläýen ýagdaýynda-da, başda aýdyp geçişimiz ýaly, ol kitaplaryň köpüsi «gerekmejek» kitaplar hökmünde ýok edildi.

Kitapsyz galdyrylan kitaphanalary hakyky kitaphanalaryň derejesinde işletmek isleseň, şu günden olaryň aladasyny edip başlamaly. «Galkynyş» kitap merkezi häzirki günlerde-de derekli kitap çykaryp bilenok. Bu merkeziň ştaty köpeldilip, doly güýjünde işledilen ýagdaýynda-da ol täze açylan etrap kitap merkezlerini kitap bilen doly üpjün edip bilmez.

Şonuň üçinem çeper edebiýat, terjime, çagalar, ýetginjekler, ýaşlar, ylmy kitaplar ýaly…döwletiň neşirýatlarynyň, iň esasy-da hususy neşirýatlaryň işini günübirin ýola goýmak gerek. Diňe şeýle edilende, uly il bolnup ugruna çykylanda kitaphana işini bolmalysy ýaly ugrukdyryp bolar.

Kitap çykmasa, kitaphana döremez. Kitap bolmasa, okyjy bolmaz. Okyjy bolmasa, bilimli il bolmaz. Bularyň barysy biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

Serdar Gulgeldiýew aşgabatly synçynyň edebi lakamy. Şu blogda öňe sürlen pikirler we garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG