Sepleriň elýeterliligi

Eýrana sanksiýa girizmek meselesi boýunça ses berişlik bolar


Şu gün Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geneşi Eýranyň ýadro programmasy bilen baglanyşykly bu ýurda garşy nobatdaky gezek sanksiýa girizmek meselesi boýunça ses berişlik geçirer diýlip garaşylýar.

Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Hillary Klinton Eýrana garşy giriziljek bu gezekki dördünji tapgyr sanksiýanyň ozalkylardan hem has agyr sanksiýa boljakdygyny aýtdy.

Eýranyň prezidenti Mahmud Ahmedinejat BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde Eýrana garşy täze rezolýusiýa kabul edilen halatynda, Tähranyň mundan beýläk öz ýadro programmasy barada daşary döwletler ýa-da guramalar bilen hiç hili gepleşik geçirmejekdigini aýdyp, duýduryş berdi.

Şeýle hem, ol Türkiýäniň we Braziliýanyň ara durmagynda Eýrany ýadro ýangyjy bilen üpjün etmek barada geçen aý başy başlanan gepleşikleriň-de täzeden gaýtalanyp bilmejekdigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG