Sepleriň elýeterliligi

Kameron Owganystanyň günortasyna saparyny ýatyrdy


Düýn Britaniýanyň premýer-ministri Deýwid Kameron howpsuzlyk bilen bagly aladalar sebäpli Owganystanyň günortasyna planlaşdyran saparyny ýatyrmaga mejbur boldy.

Deýwid Kameronyň kömekçileri bu saparyň ýatyrylmagyna ýaragly söweşijileriň hüjüm etmäge taýýarlyk görýändiklerini görkezýän telefon gürrüňdeşlikleriniň anyklanmagynyň sebäp bolandygyny aýdýarlar.

Bu wakanyň öňýany Deýwid Kameron Kabulda prezident Hamid Karzaý bilen gepleşik geçirdi we soňra Laşkar Gah şäheriniň golaýyndaky ýerli oba-hojalyk mekdebine sapar etdi.
XS
SM
MD
LG