Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň delegasiýasy Türkmenistana bardy


Duşenbe güni Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça kömekçisi Robert Bleýkiň ýolbaşçylygynda amerikan delegasiýasy uç günlük sapar bilen Türkmenistana bardy.

Maglumata görä, amerikan delegasiýasynyň düzüminde käbir beýleki ýokary derejeli resmiler bilen bir hatarda Döwlet sekretarynyň demokratiýa we adam hukuklary boýunça komekçisi Maýkl Pozner we Birleşen Ştatlaryň milli howpsuzlyk geňeşiniň Merkezi Aziýa boýunça direktory Kurt Donneli hem bar.

Amerikanyň delegasiýasynyň bu saparynyň barşynda türkmen-amerikan biznes forumy hem geçiriler.

Ýekşenbe güni Aşgabatda «Türkmenistan-ABŞ: dostlugyň we hyzmatdaşlygyň ýolunda» ady bilen ýörite foto-sergi hem açyldy.

Mundan daşary, Amerikan medeniýet günleriniň çäklerinde ýekşenbe güni «Ari Roland» atly belli amerikan jaz kwarteti Aşgabatda konsert bilen çykyş etdi.

Bu aýdym-saz toparynyň Türkmenstanyň käbir beýleki şäherlerinde-de konsert bilen çykyş etjekdigi habar berilýär.
XS
SM
MD
LG