Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Eýranly zenanlaryň syýasy aktiwligi güýçlenýär”


Eýranyň prezidenti Mahmud Ahmedinejadyň prezidentlik wezipesine ikinji gezek saýlanmagyna 12-nji iýunda bir ýyl doldy.

2009-njy ýylyň 12-nji iýunynda bolan şol saýlawlara oppozisiýa garşy çykyp, ses berişligiň ýz ýany bilen müňlerçe aktiwistler hökümete garşy protest gurnap, köçelere çykypdylar.

Bu herekete gatnaşanlaryň aglabasy zenanlardy. Bu hem “berk yslam düzgünleri esasynda dolandyrylýan Eýranda ýagdaý özgerýärmi?” diýlen soragy döredipdi.

Şol saýlawlardan soňra bir ýyl geçdi, eýse Eýranyň syýasy sahnasynda üýtgän zat näme? Zenanlaryň häzirki ýagdaýy nähili we olaryň geljekde nähili rol oýnamagyna garaşyp bolar?

Bu meseleler bilen gyzyklanyp, Azatlyk Radiosynyň Türkmen gullugyndan Muhammad Tahir Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň Eýran gullugynyň žurnalisti Roýa Karimi Majd bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Ahmedinejadyň prezidentlik wezipesine ikinji gezek saýlanmagyna bir ýyl doldy, oppozisiýa şol ses berişligiň galplaşdyrylanlygyny aýdyp, oňa garşy uly möçberli protest çärelerini gurnapdy, häzirki döwürde ýurduň syýasy ýagdaýy nähili?

Roýa Karimi Majd: Eýranyň ilaty häzirki döwürde ýslam rewolýusiýasyndan soňra iň agyr günleri başdan geçirýär. Ahmedinejadyň dört ýyl dowam eden ýolbaşçylygyndan soň halk 2009-njy ýylda geçirilen saýlawlarda ýurt baştutanynyň üýtgejekdigine umyt edip, öz ýagdaýlarynyň hem gowulaşmagyna garaşýardylar.

Emma saýlawlaryň netijesinde diňe Ahmedinejad häkimiýet başynda galmak bilen çäklenmän, şol çäreden soň halkyň ýaşaýyş şertleri hem agyrlaşdy. Mundan dört ýyl öňki ýagdaý bilen deňeşdirilende, halkyň ne sýyasy, ne-de ykdysady ýagdaýy gowulaşdy, gaýta ol erbetleşdi.

Eýranyň türmeleri syýasy tussaglardan doly, ýurduň daşary syýasatynyň ýagdaýyny hem siz menden gowy bilýärsiňiz.

Azatlyk Radiosy: 2009-njy ýylda geçirilen saýlawlardan soň halk ses berişligiň netijesi bilen ylalaşman, hökümete garşy protest gurnap, köçelere çykypdy. Şol wakalarda bolan çaknyşyklarda onlarça adam heläk bolup, ýüzlerçesi ýaradar boldy, olaryň sany takyklandymy?


Roýa Karimi Majd:
Islendik şeýle wakalarda bolşy ýaly, şol çäreden soňra bolan heläkçilik we tutha-tutluk barada hem takyk resmi maglumat almak bize başartman gelýär. Sebäbi Eýranyň hökümet resmileri şeýle maglumatlary gizlemäge synanyşýarlar.

2009-njy ýylyň 7-nji iýunyndaky wakalarda heläk bolan adamlaryň sany, resmi maglumatlara görä, diňe ýedi adam. Emma şol günden bäri dereksiz ýitirim bolanlaryň sany gaty köp. Ölileriň saklanylýan jaýlarynda, ýagny morglarda saklanýan we aşa ýenjilenligi üçin tanap bolmaýan adamlaram bar. Onsoň ölenleriň sanynyň onlarçadygyny aýtmaga esas bar.

Tussaglykda saklanýan adamlaryň sany göz öňünde tutulanda, şol protestler bilen bagly türmä basylan aktiwistleriň sanynyň hem aşa ýokarydygyny aýtmak mümkin, emma olaryň takyk sany barada anyk maglumat ýok.

Azatlyk Radiosy: 27 ýaşyndaky zenan Neda öz tragiki ölümi sebäpli hökümete garşy gurnalan protestleriň simwolyna öwrülipdi. Käbir synçylaryň aýtmagyna görä, şol protestlere zenanlar ýolbaşçylyk etdiler, zenanlaryň bu dereje-de aktiwlik görkezmegi sizi geň galdyrdymy?


Roýa Karimi Majd: Eýranly zenanlar ençeme ýyldan bäri medeni taýdan hak-hukuklaryny talap edip gelýärler. Olar mundan alty ýyl ozal ilkinji gezek bir güýç hökmünde köçelere çykyp, öz seslerini eşitdirip başladylar. Şonda olar parlamentiň öňünde çykyş edip, hak-hukuklarynyň erkekleriňki bilen deňleşdirilmegini talap etdiler.

Şeýle talaplaryň ikinjisi mundan bäş ýyl ozal “Tir Meýdanynda” geçirilen protestinden hem belli boldy. Ol talaplar dört ýyldan soňra “Ýaşyllar hereketine” öwrülip, zenanlaryň aktiwligi 2009-njy ýylda geçirilen saýlawlardan soň hasam göze ildi.

Azatlyk Radiosy: Emma bu aktiwlige garamazdan, hökümet edaralarynda işleýän eýran zenanlarynyň sany gaty az. Eger ýalňyşmasam, häzirki wagtda ýekeje zenan ministr bar, olam şeýle wezipä bellenen birinji zenan, munuň sebäbi näme?

Roýa Karimi Majd: Zenanlar durmuşda tutuş dünýäde dürli päsgelçilikler bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar, şol päsgelçilikler hem olaryň ýokary derejeli wezipelere ýetmegine päsgel berýär.

Eýrandaky ýagdaýlar hem beýleki ýurtlardan o diýen tapawutly bolmasa gerek. Siz Eýranda diňe bir zenan ministriň bardygyny aýtdyňyz, aýdýanyňyz dogry, Ahmedinejadyň Ministrler Kabinetinde diňe bir zenan bar, onuň şol wezipä bellenmegi-de o diýen aňsat bolmady.

Emma Ahmedinejad ýakynda beren interwýusynda, haçan bir ministr wezipesinden çekilse, onuň ornuna zenan ýolbaşçynyň bellenjekdigini atdy. Ýöne molallar diňe şeýle pikiriň öňe sürülmegine-de garşy çykýarlar.

Azatlyk Radiosy: Onda zenanlaryň ýokary derejeli wezipelere bellenmegine päsgelçilik döredýän kim: Ahmedinejadmy ýa-da ýurduň konserwatiw gatlagymy?


Roýa Karim Majd: Bir pikiri öňe sürmek bilen bu pikire hakykatdan hem ynanmaklygyň arasynda uly tapawut bar we bu tapawut orän çalt özüni görkezýär. Eger Ahmedinejad hakykatdan hem syýasy we jemgyýetçilik edaralarynda zenanlaryň sanyny köpeltmek isleýän bolsady, onda ol öz pikiriniň arkasynda durup, özüne garşy edilýän basyşlara garşylyk görkezerdi. Emma ol aýdanyny durmuşa geçirmek üçin o diýen jan edenok.

Bir tarapdana ol hökümetde zenanlaryň sanyny artdyrmak barada gürrüň edýär, beýleki tarapdan hem ýokary okuw jaýlaryna kabul edilýän studentleriň jynsyna görä deňleşdirilmegi barada buýruk berýär.

Bu Ahmedinejadyň her ýyl uniwersitetlere kabul edilýän zenanlaryň sanyny azaltmaga synanyşýanlygyny görkezýär. Şeýle-de ol zenanlaryň başyna örtgi atynmagy bilen bagly alnyp barylýan işiň hem hökümete hiç hili dahylynyň ýokdugyny aýdýar, emma hakykatda welin, zenanlaryň başyna örtgi atdyrmak üçin iň berk basyş edýän topar hökümetiň kontrollygyndaky edaralar.

Şeýle-de Ahmedinejad Kabinet agzalarynyň sanawyny düzende üç zenany saýlap, olary tassykatmak üçin parlamente hödürledi, emma Ahmedinejadyň saýlan zenanlary şol wezipelere mynasyp adamlar däldi, şonuň üçinem deputatlar olary goldap arkasynda durmadylar.

Şonuň üçin men Ahmedinejadyň aýdýan zatlary bilen edýän işleriniň arasynda tapawudyň bardygyny we bu tapawudyň mundan beýlägem dowam etjekdigini çak edýärin.

Azatlyk Radiosy: 2009-njy ýylda hökümete garşy amala aşyrylan protestlerde syýasy aktiwlik görkezen topar esasan zenanlar bolupdy, şondan soň bir ýyl geçdi, häzirki döwürde zenanlaryň sosial ýagdaýlarynda haýsydyr bir özgerişlik göze ilýärmi?

Roýa Karimi Majd: Soňky bir ýylyň dowamynda hökümete we saýlawlaryň netijesine garşy çykanlaryň köpüsi zenanlardy. Sebäbi olar ençeme ýylyň dowamynda gazanan üstünliklerini soňky bir ýylyň içinde elinden aldyrdylar, netijede syýasy taýdan aktiw zenanlaryň köpüsi häzirki döwürde ýa türmä basyldylar ýa-da ýurdy terk etmeli boldular.

Şeýle-de ýurtda galan käbir ýazyjy zenanlaryň adyna we eserlerine hem gadagançylyk girizildi, meselem, ýazyjy Žila Beni-Ýakuba 30 ýyllap ýazmak we öz professional işini ýöretmek gadagan edildi.

Şeýdip, zenanlaryň ýurtda öz sosial ornuny ýokarlandyrmak barada eden we şu güne çenli gazanan üstünlikleri kem-kemden olaryň elinden alynýar.

Zenanlaryň başyna bürenjek atdyrjak bolup edilýän basyşlar hem barha güýçlenýär, zenanlaryň köçelerde rahat gezmegi barha kynlaşýar.

Azatlyk Radiosy: Eýran zenanlarynyň geljekki syýasy aktiwligini nähili göz öňüne getirýärsiňiz?


Roýa Karimi Majd: Meniň pikirimçe, soňky ýyllaryň dowamynda bolan ähli negatiw özgerişlere garamazdan, Eýran zenanlaryny aýak üstünde saklaýan güýç olaryň ertirki güne bolan umytlarydyr. Olar islendik ýagdaýda we islendik şertlerde yza çekilmejekdiklerini we dymmajakdyklaryny görkezdiler, olar diňe wagtal-wagtal öz hereketleriniň ugruny üýtgedýärler, emma hereketlerini dowam edýärler.

2009-njy ýylyň iýun aýynda hökümete garşy gurnalan protestlerde Nedanyň heläk bolmagyndan soň, Eýranda “Azatlyk boýunça eneler jemgyýeti” döredildi. Zenanlaryň şol topary her hepdäniň şenbe güni Tährandaky parklardan birinde jemlenip, ýöriş geçirip başladylar, emma Eýranyň hökümeti olara garşy çykyp, toparyň agzalaryny tussag etdi.

Emma bu topar dargadylansoň, “Parahatçylyk boýunça Eneler hereketi” atly ikinji bir topar döredildi. Häzir bu topar tussag edilen aktiwistleriň talaplaryny ýatladyp, yzygiderli çykyş edýär.

Syýasy taýdan aktiw zenanlaryň uly bir bölegi ýurdy terk etdi, emma olar daşary ýurtlarda-da öz göreşlerini bes etmediler. Şol aktiwist zenanlar türmä basylan adamlaryň atlarynyň unudylmazlygy üçin dürli çäreleri gurnaýarlar.

Dünýäniň beýleki ýurtlaryndaky basyş astynda ýaşaýan zenanlar ýaly, eýran zenanlary-da öz umytlaryny goramak ugrunda göreşýärler.

Degişli makalalar

XS
SM
MD
LG