Sepleriň elýeterliligi

BMG: Yrakda köp adam ýurdy terk edýär


Yrakdaky güýç ulanmalar has köp adamyň ýurdy terk etmegine getirýär diýip, BMG Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissary aýdýar.

Antonio Guterresiň maglumatyna görä, 2007-nji ýyldan bäri 50 müňden gowrak adam ýurdy terk edip, olaryň köpüsi ABŞ-da ýerleşipdir.

Bosgunlaryň köp bölegi – iki milliona golaý adam Siriýada, Iordanda, Liwanda, Müsürde hem Türkiýede ýerleşýär.

Bu maglumaty Guterres Siriýa sapary mahalynda mälim etdi.

Şu bazar gününde Bütindünýä bosgunlar güni bellenýär.
XS
SM
MD
LG