Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystanda 20 adam tussag edildi


Orsýetiň we ABŞ-nyň daşary syýasat edaralarynyň baştutanlary Gyrgyzystanyň günortasynda dörän zorluk aktlaryna alada bildirdiler.

Düýn Sergeý Lawrow hem Hillary Klinton Gyrgyzystanyň ilatyna gumanitar kömek bermek boýunça tagallalary koordinasiýa etmegi telefon arkaly maslahatlaşdylar.

Olar şeýle-de Gyrgyzystanyň wagtlaýyn hökümetiniň konstitusion reforma boýunça 27-nji iýunda referendum geçirmek kararyna Moskwanyň hem Waşingtonyň özbaşdak karar hökmünde baha berýändigini bellediler.

Gyrgyzystanda ýurduň günortasynda bolan gyrgyzlar bilen özbekleriň arasyndaky etnigara çaknyşyklara gatnaşykda aýyplanyp, 20 adam tussag edildi.

Bu barasynda Gyrgyzystanyň IIM–niň resmi wekili Bakyt Seýitow habar berdi hem adam öldürmeler, jaý otlamalar hem adam ogurlygy boýunça onlarça jenaýat işiniň derňelýändigini aýtdy.

Mundan öň ýurduň wagtlaýyn hökümeti Oş şäherinde we onuň eteklerinde adatdan daşary ýagdaý režimini 25-nji iýuna çenli uzaldypdy.

Düýn Oşda harbylar bronetehnikanyň kömegi bilen ýakynda bolan bidüzgünçiliklerde özbekleriň guran barrikadalaryny aýyrdylar.

Resmi maglumatlara görä, şol çaknyşyklarda bärsinden 192 adam heläk bolupdyr.

Ýüzlerçe müň adam öýüni taşlap gaçmaga mejbur boldy.
XS
SM
MD
LG