Sepleriň elýeterliligi

Şu ýylyň aprelinde Gyrgyzystanyň şol wagtky prezidenti Bakyýew halkyň gahar-gazabyna duçar bolup, wezipesinden çekilmäge mejbur boldy. Wakalaryň ýitileşmegi Gyrgyzystanyň günorta welaýatynyň merkezi şäheri Oşda ýaragly çaknyşyklaryň başlamagyna getirdi. Etniki özbekleriň we gyrgyzlaryň arasynda başlanan konflikt iň azyndan 200-e golaý adamyň ölümine sebäp boldy.

Dünýäniň habar serişdeleri üç aý bäri Gyrgyzystandaky wakalar barada öz ýurdunyň ilatyna yzygiderli habar berseler-de, Türkmenistanyň metbugaty bu wakalary doly inkär edip, öz halkyna goňşy döwletdäki agyr ýagdaý barada habar bermekden boýun gaçyryp gelýär.

Emma barybir Gyrgyzystandaky wakalaryň ýaňy bu günler Türkmenistana-da gelip ýetdi. Sebäbi wakalaryň iň dartgynly ýerinde indi ençeme ýyllar bäri Türkmenistandan gelen ýaşlar ýokary bilim alýarlar. Konfliktiň ýitileşmegi bilen Gyrgyzystanyň wagtlaýyn hökümetiniň Daşary işler ministrligi başga döwletlerden okamaga gelen ýaşlara degişli karar kabul etdi. Şol karara görä, olaryň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin çet ýurtly studentleriň Gyrgyzystandan gyssagly äkidilmegi teklip edildi. Bu mesele bilen Gyrgyzystanyň Daşary işler ministrligi degişli döwletlere resmi suratda ýüzlendi. Şol ýüzlenme esasynda Täjigistandan, Gazagystandan, Özbegistandan, Hindistandan, Hytaýdan okuwa gelen ýaşlary öz ýurtlarynyň hökümeti howply ýerden gyssagly alyp çykdylar.

Türkmen studentleri iň soňunda halas edildi

Oşda okaýan talyplaryň aglaba köpüsi Türkmenistandan bolansoň, türkmen hökümeti üçin bu uly problema öwrüldi. Türkmen hökümeti beýleki döwletleriň arasynda iň soňky bolup, öz raýatlaryny ewakuasiýa etmäge başlady. Käbir maglumatlara görä, Oşda 1000-e golaý türkmen ýaşlary okaýanlygy üçin olary bir ýa iki uçar bilen alyp çykmak asla mümkin hem däldi. Her halda iki uçaryň we awtobuslaryň kömegi bilen türkmen studentleri uruş gidip duran we ep-esli bölegi küle öwrülen Oş şäherinden ahyrsoňy alnyp gaýdyldy.

Beýle ýagdaý garaşsyzlyk alaly bäri Türkmenistanyň ilkinji sapar başyna düşdi. Türkmen hökümetiniň daşary ýurtlarda öz graždanlaryny halas etmek boýunça ynsanperwer kömegi ilkinji gezek geçirişi. Dogry, käbir synçylar muňa gijigen kömek diýip hem aýdýarlar. Ýöne ýagdaýa içgin syn etseň, bir zady boýun almaly: şu çaka çenli syýasy konflikt gidýän ýerden öz raýatlaryny gyssagly halas etmek boýunça Türkmenistanyň asla tejribesi ýokdy. Elbetde, munuň üstünlikli tamamlanmagy gutlaga mynasyp waka.

Türkmenistana getirilen talyplar uçardan we awtobuslardan düşenlerinde, ilki bilen mähriban topragyna baş egip, ony ýüzüne sylanlar hem bolupdyr. Çünki olar ot-ýalnyň içinden diri çykypdylar ahyryn!

Näme üçin Gyrgyzystan?


Her bir bolan waka bolup geçensoň, yzysüre onuň netijelerine göz aýlaýaň. Gyrgyzystanda bolup geçýän wakalar, az hem bolsa, Türkmenistana hem öz täsirini ýetirdi. Berilýän maglumatlara görä, diňe Gyrgyzystanda Türkmenistandan baran ýaşlaryň sany 5-6 müň adama ýetýärdi. Näme üçin Gyrgyzystana beýle köp türkmenistanly ýaşlar gidýärkä? Ýa olaryň okuw jaýlary, onda berilýän ylym üýtgeşikmikä?

Gyrgyzystan bilen Täjigistan ykdysady taýdan sebitde yzagalak döwletleriň biri. Soňky ýyllar ýurtda bolup geçýän halk tolgunşyklary bu ýurduň halkara we sebitdäki abraýyny birneme pese düşürdi. 2005-nji ýylda bolup geçen «Çigildem rewolýusiýasyndan» soň, Gyrgyzystanyň asuda syýasy ýagdaýdan dartgynly ýagdaýa geçmegi, elbetde, türkmen hökümetinem alada goýmalydy. Sebäbi türkmen ýaşlary ençeme ýyllaryň dowamynda ýokary bilim almak üçin Gyrgyzystanyň dürli şäherlerine özbaşdak, öz hasaplaryna gidýärdiler.

Häzir Merkezi Aziýa sebitinde, Gyrgyzystanda we Gazagystanda okaýan türkmen ýaşlarynyň sany sekiz müňe golaý diýlip, çak edilýär. Saparmyrat Nyýazowyň ýurdy dolandyran ýyllary ýurtda okaýan talyplaryň sanyny kemeltmegi türkmen ýaşlarynyň daşary ýurtlara mejbury okamaga gitmegine getirdi.

Eger-de 1991-nji ýylda Türkmenistanyň içinde okaýan ýaşlaryň sany 42 müňden geçýän bolsa, garaşsyzlyk ýyllary onuň sany bäş müňe getirildi. Diňe soňky iki ýylyň içinde onuň sany 10 müňe ýetdi. Bu günler Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlaryna girmek üçin berilýän paralaryň möçberiniň aşa ýokarlanandygyny indi her kes bilýär. 30-40 müň amerikan dollaryny para berip, okuwa girmek her kime başartmaýar. Şonuň üçinem ýaşlaryň aglaba köpüsi goňşy ýurtlara okuwa gidýärler.

Gyrgyzystanyň Oş şäherindäki ýokary okuw jaýynda okamak üçin bir ýyllyk resmi töleg 450-500 amerikan dollary. Elbetde, bu hem köp türkmen ýaşlarynyň Gyrgyzystana okuwa gitmegine sebäp bolýar.

Studentler okuwyny dowam edip bilermi?

Gyrgyzystanda dartgynlygyň pese düşmegi bilen türkmen ýaşlary täzeden okuwlaryny dowam etdirmek üçin ýene Bişkege we Oşa giderler. Belkem, olaryň käbiri okuwyny taşlaram, yzyna gitmekden saklanar. Emma okuwa gidenlere asuda okamak we ýaşamak miýesser edermikä? Eger ýene syýasy konflikt ýitileşse, onda olary täzeden halas etmek operasiýasyny geçirmeli bolarmyka? Ine, şu sowallara türkmen hökümeti öňünden jogap tapmalydyr.

Öňki ýyllardaky ýaly taýak ulanyp, ýaşlary Gyrgyzystana goýbermän saklap bolmaz. Beýle edilse, onda halkara jemgyýetçiligi hem türkmen hökümetini goldamaz. Şonuň üçin ilki bilen prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2009-njy ýylyň 15-nji awgustynda kabul eden «Bilim hakynda» kanunyndan ugur alyp, döwlet okuw jaýlarynda okuwyň gaýbana we agşamky bölümlerini gijikdirmän şu ýyldan açmaly. 2010-2011-nji ýyl üçin okuwa kabul ediljek ýaşlaryň sanyny öňki ýyllardakydan hem birnäçe esse atrdyrylmaly we şol kanunyň 11-nji maddasyndan ugur alyp, ýurtda hususy ýokary okuw jaýlaryny döretmäge girişmeli. Bu proses bir ýyldan gijikdirilmän, ýerine ýetirilmeli.

Eger-de şeýle işler durmuşa geçirilse, onda türkmen ýaşlarynyň aglabasy öz ýurtlarynda okap, bilim alarlar. Bu hem türkmen graždanlaryny konflikt gidýän ýurtlardan daşda saklar. Geçen-geçdi edilip, bolan wakalardan sapak alynmasa, onda şol geçilen ýollar, uly ýitgiler we çykdajylar geljekde ýene-de türkmen hökümetiniň başyndan inip biler.

Gurbangeldi Töräýew aşgabatly synçynyň edebi lakamy. Şu blogda öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG