Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň we Orsyetiň prezidentleri gepleşikler geçirdi


ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedewi “salykatly hem ynamdar” hyzmatdaş atlandyrdy.

Waşingtonda geçirilen gepleşiklerden soň iki lider bilelikdäki metbugat konferensiýasynda çykyş etdi.

Şol bir wagtda-da Obama käbir meselelerde, mysal üçin, Gürjüstandaky ýagdaý barada garaýyşlaryň dürlüdigini belledi.

Obama Gyrgyzystana gumanitar kömek bermegi sazlamaga ABŞ-nyň we Orsyetiň razylaşandygyny aýtdy.

Amerikan prezidentiniň sözlerine görä, Waşington hem Moskwa terrorizm bilen göreş hem ony aňtamak boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmäge ylalaşypdyr.

“Iki ýurt bilelikde zorluk ulanýan ekstremizmiň garşysyna göreşde hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrdylar. Sebäbi terroristler, goý ol Taým Skwer bolsun ýa Moskwa, biziň ýurtlarymyza howp abandyrýar. Biz terrorizme garşy durmak hem ony aňtamak boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmek kararyna geldik” diýip, Barak Obama aýtdy.

Gepleşikleriň netijeleri boýunça bilelikde dokuz beýannamanyň, şol sanda strategik durnuklylyk, terrorizme garşy rus-amerikan hyzmatdaşlygy, häzirki zaman tehnologiýa täzelikleri ugrundan hyzmatdaşlyk, Owganystan ýaly ugurlar boýunça beýannamalaryň kabul edilendigi habar berilýär.
XS
SM
MD
LG