Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetde korrupsiýa garşy göreş


“Transparency International” guramasynyň ýolbaşçysy Hýuget Labelle
“Transparency International” guramasynyň ýolbaşçysy Hýuget Labelle

23-25-nji iýunda Birleşen Milletler Guramasynyň Global şertnamasy boýunça geçirilen sammitde birnäçe möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu sammitde gozgalan meseleleriň biri hem “Nädip dünýa jemgyýetçiligi bilelikde korrupsiýa garşy netijeli göreşip biler?” diýen temadan boldy.

Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň habarçysy Nikola Krastew “Transparency International” guramasynyň ýolbaşçysy Hýuget Labelle bilen Orsýetde korrupsiýa garşy göreşmegiň ýollary hakda söhbetdeş boldy.

AÝ/AR: Soňky birnäçe ýylyň dowamynda Orsýetde korrupsiýanyň has köpelendigi aýdylýar. Bu mesele boýunça geçirilen soňky barlaglar korrupsiýa boýunça Orsýeti Zimbabwe ýaly ýurtlar bilen bir hatarda goýýar. Şol bir wagtda-da Orsýetiň prezidenti korrupsiýa garşy göreşmek babatda iş alyp barýandygyny nygtaýar. Näme sebäpden şol edilýän işler netije bermeýär?

Hýuget Labelle: Häzir Orsýet “Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasynyň” korrupsiýa garşy konwensiýasyna goşulmak isleýändigini beýan etdi. Bu bolsa korrupsiýa garşy göreşde edilýän örän pozitiw ädim.

Bu ugurda Orsýet entek gaty köp iş alyp barmaly. Olar ýurduň daşynda hereket edýan firmalary korrupsiýa ýol berendigi üçin jogapkärçilige çekýän kanuny kabul etmeli. Bu kanunyň kabul edilmegi zerur, onuň kabul ediljekdigine umyt baglaýaryn. Orsýet gaty uly ýurt, onda edilmeli işler köp, biz diňe 2-3 ýyldan soň häkimiýetleriň basyşy şol durşuna galdymy-dälmi, korrupsiýa garşy birigip göreşmäge synanyşýan pudaklar işlerini dowam etdirip bilýärlermi diýen sowallara jogap tapyp bileris. Şonda men pozitiw özgerişleri göreris diýip umyt edýärin.

AÝ/AR: Siziň pikiriňizçe, rus häkimiýetleri korrupsiýa garşy çyndan göreş yglan edýärmi?


Hýuget Labelle: Bu sowala jogap bermek kyn, muny diňe wagt görkezer. Meniň pikirimçe, bu her bir ýurtda bolup biljek ýagdaý. Ýagny, häkimiýetler belli bir zady yglan edip, şol ugurda kanunlary kabul etse, şol kanunlaryň näderejede amala aşyrylýandygyna, bu ugurda häkimiýetleriň edýän tagallalaryna näderejede hormat goýulýandygyna syn edilýär.

Şonuň üçin muny, aýdyşym ýaly, wagt görkezer. Korrupsiýa garşy göreşde metbugatyň oýnaýan roly gaty uly. Orsýetde bolsa gaty täsin metbugat bar. Onuň jemgyýetde oýnaýan roly hem gaty möhüm. Şeýle hem ýurduň hususy pudagy bu meselede uly rol oýnaýar. Sebäbi hususy pudagyň işgärleri uly möçberde para hödürläp dursalar, para almaga öwrenişen adama “Ýok, ýok, maňa hiç zat gerek däl” diýmek gaty kyndyr.

AÝ/AR: Şwesiýanyň “IKEA” kompaniýasy Orsýetde kadadan çykyp, düýpden para bermejekdigini yglan etdi. Şondan soň bu kompaniýa korrupsiýa baş goşan birnäçe işgärini hem işden boşatdy. Bu hereket korrupsiýa garşy göreşe täsir edip bilermi?


Hýuget Labelle: Şeýle hereketiň has netijeli bolmagynyň bir ýoly bar: oňa has köp kompaniýa goşulyşyp, öz beýanatlaryny köpçülige ýetirmeli. Olar ümsüm gitmän, “Biz şu ýurtda korrupsiýanyň aşa ösendigi sebäpli işimizi bes etmek kararyna geldik. Korrupsiýa bilen bagly problema ýurtda çözülen dessine biz gaýdyp gelmäge taýýar” diýlen halatynda bu hereketiň güýji artar. Ýagny, şeýle usul bilen, öz beýanatlaryny köpçülige ýetirip, gowy netije gazanyp bolar. Şeýle ýagdaýda häkimiýetler has köp basyşy duýup başlarlar.

AÝ/AR: Siz metbugatyň roly barada aýdyp geçdiňiz. Emma Orsýetde žurnalist bolup, korrupsiýa bilen bagly meseleler boýunça derňew geçirmek gaty howply.

Hýuget Labelle: Hawa, hut şol sebäpli men jemgyýetde birnäçe topar döräp, olaryň hemmesiniň bilelikde hereket etmeginiň möhümdigini aýtdym. Ýalňyz metbugat bu ugurda netije gazanyp bilmeýär. Korrupsiýanyň ösen ýurtlarynda žurnalistler onuň pidasy bolýarlar, ömrüni ýitirýärler. Şonuň üçin metbugaty goldap biljek hususy pudagyň bolmagy zerur. Ýurtda dini toparlar döredilse, olar hem korrupsiýa garşy göreşe goşulyşarlar, bir ýanda ümsüm oturyp bilmezler. Bu işe graždan jemgyýeti hem goşulşmaly.

Mysal üçin, senagatçylar birleşigi, ýuristleriň, aklawçylaryň birleşigi, metbugat wekilleri – hemmesi bilelikde hereket edip başlasalar korrumpirlenenleriň daşyndaky halka has daralar.

AÝ/AR: Siz korrupsiýa garşy göreşde häkimiýetlere basyşyň görkezilmelidigini aýtdyňyz. Näme üçin hut häkimiýetlere basyş etmek meselesi şeýle möhüm?

Hýuget Labelle:
Sebäbi hut häkimiýetlerde korrupsiýa garşy göreşmäge, halkyň bähbidini aramaga köp mümkinçilikler bar. Häkimiýet başyndakylar korrumpirlenen bolsa ýa-da olarda korrupsiýa garşy göreşmäge zerur bolan kanunlar, beýleki mehanizimler bolmasa, ýurtda ahlak taýdan arassa jemgyýetçilik pudagy bolmasa, onda hususy pudaga ýa-da metbugata ýekelikde göreş alyp barmak gaty kyn bolar.

Her ýurtda häkimiýet başyndakylaryň roly gaty uly. Şonuň üçin, nirede bolsa-da, häkimiýetler tertip-düzgüni ornaşdyrmalydyrlar. Ýurduň adalat sistemasy kämil bolmaly, maliýe sistemasy aç-açan bolmaly, gurluşyklar, üpjünçilik bilen bagly meseleler şübhe döretmeli däl.

Belli bolşy ýaly häkimiýetler gaty köp gurluşyk alyp barýarlar. Ýollar, deňiz portlary, aeroportlar ýaly desgalar hökümetiň maliýeleşdirmegi bilen gurulýar. Bu işler arassa ýol bilen edilmese, onda hökümet býujetinden ummasyz serişde korrupsiýa gider. Şeýle ýagdaýda ilatyň hökümete bolan ynamy gaçýar, halk köpçüligi saglyt tölemekden boýun gaçyrýar. Netijede jemgyýetiň ösüşi üçin zerur bolan sosial hem beýleki infrastrukturalary gurmak üçin gerekli serişde ýetmezçilik edip başlaýar. Şonuň üçin bu meselede hökümet gaty möhüm rol oýnaýar.
XS
SM
MD
LG