Sepleriň elýeterliligi

ÝHHG-niň gazak ýolbaşçylygy tankyt astynda


Gazagystanyň daşary işler ministrligi gyrgyz krizisini Gazagystanyň ÝHHG başlyklygy üçin “uly synag” diýip atlandyrdy. Suratda: Gazagystanyň daşary işler ministri Kanat Saudabaýew.

Gazagystanyň daşary işler ministrligi gyrgyz krizisini Gazagystanyň ÝHHG başlyklygy üçin “uly synag” diýip atlandyrdy. Suratda: Gazagystanyň daşary işler ministri Kanat Saudabaýew.

Gazagystan şu ýylyň ýanwarynda ilkinji postsowet ýurdy hökmünde Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň ýolbaşçylygyny öz üstüne alanynda, goňşy Gyrgyzystanda beýle ýowuz synag bilen ýüzbe-ýüz bolnar diýip, guman edenem däldir.

Aprel aýynda öňki gyrgyz prezidenti Kurmanbek Bakyýewyiň agdarylmagy, ondan soň hem ýurtda etniki çaknyşyklaryň turmagy garaşylmadyk ýagdaýy döretdi.

“ÝHHG-niň jogaby öwerlik däl”

Gazagystan öz wagtlaýyn prezidentlik möhletiniň ýarysyny arka atdy, ýöne synçylaryň köpüsi: “Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň gyrgyz krizisine beren jogaby öwerlik däl” diýýärler.

Gazagystan ÝHHG-niň ýolbaşçysy hökmünde halkara interwensiýasyna garşy çykyp, Gyrgyzystan bilen aradaky serhedini ýapdy. Bu hem Gazagystanyň milli we regional bähbitleri onuň Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasyna netijeli ýolbaşçylyk etmeginiň öňüni bökdeýär diýen tankyda getirdi.

Ýöne Gazagystan guramanyň Gyrgyzystan baradaky roluny goraýar. “Gyrgyzystandaky ýagdaýyň gazak ýolbaşçylygyna uly synag bolandygy belli zat. Bu häzirem dowam edýär, şindi-de köp soraglar ýatyr. Ýöne Gyrgyzystanda krizis döräp ugraly ol ýerdäki ýagdaýy durnuklaşdyrmaga gatnaşan ilkinji gurama ÝHHG-e boldy. Bu bellenmeli zat” diýip, Gazagystanyň daşary işler minitrliginiň sözçüsi Askar Abdyrahmanow aýdýar.

Gara gaýgy

Beýleki synçylar bolsa: “Regiondaky awtoritar režimleriň, şol sanda Gazagystanyň-da gaýgysy Gyrgyzystandaky gozgalaňa çözgüt tapmak däl-de, onuň öz ýurtlaryna syrygmagynyň öňüni almak” diýýärler.

“Gazagystan yza çekilip, regionda bir awtoritar režim aýrylyp, onuň ýerine aljyraňňy liberal-demokratik hökümet gelse, bolýany şoldur diýip, hezil edinene meňzedi” diýip, Halkara krizis toparynyň Merkezi Aziýa proýektiniň Bişkekdäki direktory Paul Kuwin-Jaj aýdýar.

Bişkekli analizçi we žurnalist Kuban Abdymen hem bu pikir bilen ylalaşýar: “Gyrgyzystanda bolan soňky rewolýusiýa Özbegistan, Gazagystan we Orsýeti muňa çynlakaý garamaga mejbur etdi. Şu jähtden garanyňda Gazagystan Gyrgyzystan barada Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň ýolbaşçysy däl-de, Orsýetiň ýarany ýaly bolup hereket etdi”.

Ilkinji ädimler

Bakyýew ýurtdan kowlansoň, gazak prezidenti Nursoltan Nazarbaýewiň eden ilkinji işleriniň biri Gyrgyzystan bilen aradaky serheti ýapyp, söwda işlerini kesmek boldy.

Almatyda ýerleşýän Orta Aziýanyň ösüş we demokratiýa baradaky fondunyň direktory Tolgunaý Umbetaliýewanyň aýtmagna görä, Gazagystan bu işi öz durnuklylygyndan gorkup edipdir.

“Gazagystan derrew bu karara geldi. Postsowet giňişliginde bolan reňkli rewolýusiýalaryň hemmesi biziň hökümetimize güýçli täsir etdi. Şol sebäpden ol durnuklylygy saklamak, döwletiň garşysyna çykyp bilmez ýaly halky gymyldamaz ýaly etmek üçin ähli tagallalary görýär” diýip, Umbetaliýewa aýdýar.
XS
SM
MD
LG