Sepleriň elýeterliligi

Ysraýylyň we Türkiýäniň wekilleri “gizlin gepleşikler” geçirdi


Ysraýylyň we Türkiýäniň wekilleri iki ýurt arasyndaky gatnaşyklary kadalaşdyrmaga synanyşyk üçin “gizlin gepleşikler” geçirdi.

Gowşan maglumata görä, Brýusselde Ysraýylyň söwda ministri Ben Eliýezer bilen Türkiýäniň daşary işler ministri Ahmet Dawutoglynyň duşuşygy bolupdyr.

Frans press agentliginiň maglumatynda Gaza sektorynyň kenarynda türk gämisini Ysraýylyň harbylarynyň saklamagy bilen ýüze çykan waka üçin Ysraýylyň ötünç soramagyna türk ministriniň aýak dirändigi habar berilýär. Şol wakada 9 türk graždany heläk bolupdy.

Şol çeşmäniň maglumatyna görä, gepleşikler barasynda diňe öz hökümet başlyklaryna habar bermek we ýene-de bir gezek gizlin duşuşmak ylalaşylypdyr.
XS
SM
MD
LG