Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillary Klinton Ýerewana geldi


ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillary Klinton Gündogar Ýewropa we Kawkaz ýurtlaryna saparynyň çäginde Ýerewana geldi.

Ermenistanyň ýolbaşçylary bilen gepleşiklerinde Klinton Bakuwdaky duşuşygyň gidişinde gozgalan Daglyk Garabag konfliktini kadalaşdyrmak meselesini maslahatlaşmagy planlaşdyrýar.

Ýekşenbe güni Bakuwda Klinton Azerbaýjan-Ermenistan arasyndaky konflikti kadalaşdyrmaga ýardam etmäge Waşingtonyň taýýardygyny aýtdy. Ol şu araçylyk aladalaryny amerikan administrasiýasynyň ileri tutýan ugurlarynyň biri atlandyrdy.

Azeri paýtagtynda ýaş aktiwistler bilen duşuşykda ABŞ-nyň Döwlet sekretary ýurduň ýolbaşçylary bilen gepleşiklerde huligançylykda aýyplanyp, türme tussaglygyna höküm edilen iki ýerli blogeriň ykbalynyň gozgalandygyny belledi.

Emin Milli bilen Adnan Gajyzadäniň syýasy başga pikirlilik üçin yzarlanýandygyny adam hukuklaryny goraýjylar belleýärler.
XS
SM
MD
LG