Sepleriň elýeterliligi

Kuba 52 sany sýyasy tussagy boşatmakçy


Kubanyň katolik kilisesiniň ýolbaşçysy Jaýma Ortega (çepde) we Ispaniýanyň daşary işler ministri Miguel Angel Moratinus, Gawana, 7-nji iýul.

Kubanyň katolik kilisesiniň ýolbaşçysy Jaýma Ortega (çepde) we Ispaniýanyň daşary işler ministri Miguel Angel Moratinus, Gawana, 7-nji iýul.

2003-nji ýylda kommunist režimli Kubada oppozisiýany basyp ýatyrmak maksady bilen tussag edilen sýyasy bendileriň bäşisiniň gysga wagtyň içinde azat edilmegine garaşylýar.

Ýedi ýyl mundan öň bolup geçen şol tussag edişliklerde türmä basylan beýleki 47 kubaly dissidentiň hem öňümizdäki aýlaryň dowamynda boşadylmagynyň mümkindigi aýdylýar.

Halkara jemgyýetçiligi syýasy tussaglaryň boşadylmagy barada kommunist režimli Kuba garşy basyş edip gelýärdiler. Häzirki azat edişlik çäresi şol çagyryşlaryň netijesi bolmagy ahmal diýilýär.

Bu karary Kubanyň katolik kilisesiniň ýolbaşçysy Jaýma Ortega prezident Raul Kastro we Ispaniýanyň daşary işler ministri Miguel Angel Moratinus bilen duşuşandan soň 7-nji iýulda yglan etdi.

Häzirki döwürde Ýewropa Bileleşiginiň döwürleýin prezidentligini alyp barýan Ispaniýanyň daşary işler ministri syýasy tussaglaryň azat edilmegi baradaky bu karara gowy baha berdi.

“Bu ädim ýuwaş-ýuwaşdan hem bolsa hökman amala aşyrylar. Bu barada olar açyk aýtdylar, biz muny makullaýarys” diýip, Ispaniýanyň daşary işler ministri Miguel Angel Moratinus aýtdy.

Eger kubaly ýolbaşçylar tarapyndan berlen wada ýerine ýetirilse, onda bu Kubada köpçülikleýin azat edişlik boýunça 1998-nji ýyldan soň amala aşyrylan ilkinji şeýle çäre bolar.

1998-nji ýylda öňki Rim papasy John Paul Kuba sapar edenden soň 300 sany tussag, şol sanda 101 dissident türmeden boşadylypdy, şondan bäri şeýle günä geçişlik bolmandy.

Boşadyljak 52 adam 2003-nji ýylda tussag edilen graždan aktiwistlerden we oppozision žurnalistlerden ybarat 75 adamyň hataryna girýär. Halkara jemgýyetçiligi şol tussag edişligi berk tankyt edilipdi.

Syýasy maksatlar bilen tussag edilen şol adamlardan käbirleri saglyk ýagdaýlary zerarly, käbirleri bolsa tussaglyk möhletleri tamamlanandan soň bireýýäm azatlyga çykarylypdy.

Seresaplyk we umyt

Kubada we ýurduň daşynda hereket edýän adam hukuklaryny goraýjy toparlar Raul Kastronyň prezidentliginiň iki ýyllygyna gabat gelen bu karary serasaplyk bilen gowy garşyladylar.

Raulyň dogany, Kubanyň öňki prezidenti Fidel Kastro1959-nji ýylda bolan rewolýusiýadan soň häkimiýet başyna geçende öz garşydaşlaryndan 15 müň töweregi adamy türmä basypdy.

Bendileriň aýalaryndan ybarat toparyň ýolbaşçysy Laura Pollen yglan edilen kararyň ýurtda “hakyky demokratiýanyň we erkinligiň” ornaşdyrylmagy üçin ädilen ilkinji ädim boljakdygna umyt edýär.

Emma Kubada doglan we häzir ABŞ-da ýaşaýan käbir syýasatçylar bu ädimiň göz üçin amala aşyrylýandygyny aýdyp, Günbatary Kuba garşy basyşlaryny dowam etmäge çagyrýarlar.

Açlyk yglan eden kubaly dissident Orlando Zapata Tamaýo fewral aýynda heläk bolanyndan soň halkara jemgýyetçiligi tarapyndan Kuba garşy edilýän basyşlar hasam güýçlenipdi.

Kardinal Ortega azat ediljek bäş tussagyň kimlerdigi barada takyk maglumat bermekden saklandy. Emma azatlyga çykaryljak şol bendileriň sürgünlikde ýaşamak üçin Ispaniýa iberiljekdigi aýdylýar.

2003-nji ýylda tussag edilen we geljekki aýlarda boşadylmagyna garaşylýan beýleki kubaly dissidentleriň Kubada galmagyna rugsat edilip-edilmejekdigi barada takyk maglumat ýok.

Amerikanyň Birleşen Ştatlary 1962-nji ýylyň fewral aýyndan bäri Kuba garşy söwda embargosyny dowam etdirip gelýär. Şol embargo taryhda iň uzaga çeken söwda embargosy hasaplanýar.
XS
SM
MD
LG