Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ysraýyl Gaza barýan Liwiýanyň gämisini böwetlemäge çalyşdy


Düýn Ysraýylyň harby güýçleri Palestinanyň Gaza Sektoryna barýan Liwiýa degişli gäminiň öňüne böwet bolmak üçin ýörite gorag çäresini ýola goýdular.

Birneme giçlik Ysraýylyň harby güýçleri Liwiýanyň gumanitar ýükli gämisiniň öz ugruny uýtgedip, Müsüre tarap ugrandygyny mälim etdiler.

«Gaddafi fondy» tarapyndan maliýeleşdirilen we üsti 2 müň tonna gumanitar ýükli gäminiň häzirki wagt Müsüriň El-Ariş portuna baryp ýetendigi habar berilýär.

Bu wakanyň öňýany «Gaddafi fondunyň» ýerine ýetiriji direktory Ýussuf Sawan gumanitar gäminiň Gaza Sektoryna barýan wagty onuň daşyny Ysraýylyň harby gämileriniň gabandygyny habar beripdi.
XS
SM
MD
LG