Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Srebrenisa gyrgynçylygynyň aýdymy


Bosniýaly zenan Srebrenisa gyrgynçylygynda heläk bolan we jesetleri täze tapylan 775 adamyň jaýlanyş çäresinde mazar daşyny gujaklaýar, Bosniýa-Gersogowina, 11-nji iýul, 2010-njy ýyl.
Bosniýaly zenan Srebrenisa gyrgynçylygynda heläk bolan we jesetleri täze tapylan 775 adamyň jaýlanyş çäresinde mazar daşyny gujaklaýar, Bosniýa-Gersogowina, 11-nji iýul, 2010-njy ýyl.

Mundan 15 ýyl ozal öňki Ýugoslawiýa girýän Srebrenisa obasynda 8000 töweregi bosniýaly musulman Serbiýanyň ýaragly toparlary tarapyndan atylyp öldürilipdi. Şol heläkçilik Ikinji jahan urşundan soň Ýewropada bolan iň uly gyrgynçylyk hasaplanýar. 11-nji iýulda Srebrenisada bolan şol gyrgynçylygyň 15 ýyllygy bellenildi.

Şol waka bilen bagly geçirilýän çäreleriň dowamynda Srebrenisada tutuş gün bir aýdym ýaňlandy. Käbir synçylaryň aýtmagyna görä, bu aýdym Srebrenisa heläkçiliginiň simwolydyr.

Şol heläkçiligi täsirli ýagdaýda suratlandyrýan aýdym bilen gyzyklanyp, Azatlyk Radiosyndan Muhammad Tahir şol aýdymyň goşgusyny ýazan şahyr hem-de Bosniýanyň garaşsyzlygyna gowuşmagynda uly rol oýnan syýasy aktiwist professor Jemaletdin Latiç bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Professor Latiç, ýakynda Srebrenisa gyrgynçylygynyň 15 ýyllygy bellenildi. Şol heläkçilikli wakanyň täsirini Bosniýanyň ilatynyň gündelik durmuşunda heniz hem görmek mümkinmi?

Jemaletdin Latiç: Men bosniýaly musulmanlaryň şu gün gaty gamgyndygyny aýdyp biljek. Şol gyrgynçylyk bilen bagly her ýyl 11-nji iýulda geçirilýän çereler bize şol heläkçilikleri ýatladýar. Sebäbi Srebrenisa bu millete, ýagny bosniýaly musulmanlara garşy amala aşyrylan beýleki ençeme gyrgynçylyklaryň simwolyna öwrüldi.

Emma, gamgyn bolmak bilen bir hatarda, şeýle çäreler bizi millet hökmünde her ýyl has hem güýçlendirýär. Şol gyrgynçylygy amala aşyranlaryň tussag edilmegi baradaky basyşlarymyzy hem barha artdyrýarys.

Azatlyk Radiosy: Srebrenisa barada gürrüň edilende siziň adyňyz diňe ýazyjy ýa şahyr hökmünde däl, Bosniýanyň garaşsyzlygyna gowuşmagy ugrunda alnyp barlan göreşlerde uly rol oýnan sýyasy aktiwist hökmünde hem göze ilýär. Hatda Bosniýanyň ilkinji prezidenti we bu ýurduň özbaşdaklygyna gowuşmagynda esasy roly bolan Aliýa Ezetbegowiç bilen siziň bilelikde ençeme gezek türmä basylandygyňyz hem aýdylýar. Bosniýa konflikti, esasan hem Srebrenisa heläkçiligi barada siz öz başdan geçiren wakalaryňyz barada gürrüň beräýseňiz?


Jemaletdin Latiç: Men Srebrenisa gyrgynçylygyna bagyşlanan ýörite goşgy ýazdym. Şu wagt meniň ýanymda şol goşgyny saz bilen bezän kompozitor jenap Ýusiç hem bar.

Biz Srebrenisa wakasyny “köpçülikleýin gyrgynçylyk” hökmünde ykrar eden we Ýewropa Bileleşigine girýän ýurtlarda geljek ýyl konsert gurnamagy planlaşdyrýarys. Srebrenisada bolan gyrgynçylykdan halky habardar etmek üçin bu işi amala aşyrmak, diňe bir bosniýaly şahyr hökmünde däl, bir adam hökmünde hem meniň borjum bolup durýar.

Azatlyk Radiosy: Srebrenisa barada ýazan şol goşgyňyz uly meşhurlyga eýe boldy, hatda käbir synçylar bu goşgynyň şol wakanyň simwolyna öwrülendigini aýdýarlar. Bu goşgy barada gürrüň beräýseniz, ony haçan ýazdyňyz we şol goşgyny ýazmagyňyza sebäp bolan belli bir waka barmy?

Jemaletdin Latiç
Jemaletdin Latiç:
Men Srebrenisa wakasynyň yzýany bilen şol gyrgynçylykdan aman galan bir adam bilen duşuşdym. Ol maňa şeýle sorag berdi. “Jemal, sen şahyr. Sen näme üçin Iwan Goran Kowaçiçiň Ikinji jahan urşy baradaky goşgulary ýaly Srebrenisa wakasy barada goşgy ýazaňok?” diýdi.

Iwan Goran Kowaçiç Ikinji jahan urşunda bolan gyrgynçylygy suratlandyryp goşgular ýygyndysyny çap eden horwatiýaly meşhur şahyrdyr.

Men bu barada goşgy ýazmak aňsat bolmasa gerek diýip jogap berdim, emma ol maňa göwünlik berdi.

Näme bolanlygyny we nähili başlanymy men hem biljek däl, emma şol duşuşykdan soň tutuş tomusy goşgy ýazmak bilen geçirdim. Ýazdym, pozdum, ýene ýazdym, ahyrynda başardym. Emma şol goşgymda polşaly şahyr Çzesław Milosiziň täsirini hem görmek mümkin. Men onuň käbir sözlerine-de salgylandym. Agzalýan polşaly şahyr hem Ýewropada bolan uruşlaryň öz halkyna ýetiren ýaramaz täsiri hakda goşgular ýygyndysyny çap eden ýazyjydyr.

Emma Hudaýdan dilegim - mundan beýläk meni şeýle goşgular ýazmaga mejbur etjek ýagdaýyň döremezligidir. Men şeýle goşgular bilen şöhrat gazanmak islemeýärin. Emma zerur bolsa, şahyr hökmünde şeýle goşgulary ýazmak hem meniň borjumdyr.

Azatlyk Radiosy: Srebrenisa wakasy barada başga-da ýazylan goşgy köp bolmaly. Näme üçin siziň goşgyňyz şeýle meşhur boldy?

Jemaletdin Latiç: Onuň sebäbi belkem meniň goşgymyň okyjylarda galdyrýan täsiri bilen bagly bolmaly.

Meniň elime zorlanan bosniýaly bir zenan hakda dokument gowuşdy. Şol dokumentde onuň aşa owadan bolanlygy, onuň serbler tarapyndan zorlananlygy, onuň köpçüligiň arasynda köýnegini çykaryp, ýalaňaç namaz okamaga mejbur edilenligi görkezilýär.

Bu dokument we onda aýdylýan zatlar, şeýle-de öz halkymyň düşen güni mende agyr täsir galdyrdy. Sebäbi bizi diňe logiki taýdan dargatmaga däl, ruhy taýdan hem çökermäge synanyşdylar. Şonuň üçin men öz goşgymda şol ýagdaýy suratlandyryp, ony ady näbelli bosniýaly zenana bagyşladym.

Azatlyk Radiosy: Bu goşgynyň aýdym görnüşinde halk köpçüligine ýetiriliş prosesi nähili geçdi, meselem, bu goşga saz düzen horwatiýaly kompozitor Jalo Ýusiç bilen nirede we haçan duşuşdyňyz?

Jemaletdin Latiç: Jalo Ýusiç Horwatiýanyň Dobronik obasynda ýaşaýar, ol Horwatiýanyň iň meşhur kompozitorlaryndan biridir. Ol bir gün meniň goşgymy okap, muňa saz düzmek kararyna gelipdir.

Meniň pikirimçe, onuň düzen sazy iň täsirli sazlardan biridir. Stambully meşhur sazandalardan biri eger bu goşgy we oňa düzülen saz professional usulda ýazga geçirilse, onuň Mosartyň sazlarynden hem meşhur boljakdygyny aýtdy. Bu hakykatdan hem gaty täsin saz.

Azatlyk Radiosy: Siziň goşgyňyzy bir gyzjagaz aýdym edip aýtdy. Şol aýdymçyny saýlamak prosesi barada maglumat beräýseňiz?

Jemaletdin Latiç: Siz bu gyzyň hekaýasyny bilýäňizmi? Bilmeýän bolsaňyz men aýdyp bereýin. Gynansakda, bu gyzyň boýy ösmän galypdyr. Muňa sebäp bolan zat - onuň daýysynyň özüniň gözüniň öňünde duşmanlar tarapyndan atylyp öldürilmegidir. Şol waka çagada gaty erbet täsir galdyrypdyr. Şonuň üçin onuň boýý ösmeýär, emma onuň sesi gaty täsirli.

Azatlyk Radiosy: Srebrenisa gyrgynçylygynyň 15 ýyllygy bilen bagly 11-nji iýulda geçirilen çärelerde Srebrenisa obasynda tutuş gün siziň goşgyňyza düzülen saz we aýdym ýaňlandy. Şol çärelerde mundan 15 ýyl ozal öldürülen we jesedi ýakynda anyklanan 775 adam hem jaýlandy. Şol çärelere gatnaşmak üçin tutuş dünýäden ençeme adamlar Srebrenisa bardylar, sizem şol çärelere gatnaşan bolmaly. Şonuň ýaly möhüm çärede siziň goşgyňyzyň ýaňlanyp durmagy sizde nähili täsir galdyrdy?

Jemaletdin Latiç:
Ynanyň, men Srebrenisada geçirilen şol çärelere diňe bir bosniýaly hökmünde gatnaşdym. Şol goşgy we Jalo Ýusiçiň meniň goşgyma düzen sazynyň ýaňlanyp durşy asla gulagyma ilmedi.

Men çagalary, dogan garyndaşlary Srebrenisa gyrgynçylygynda heläk bolan we mazaryň başynda aglaşyp, göz ýaşlaryny döküp oturan enelere we aýal gyzlara seredýärdim. Şeýle ýagdaýda şol goşgynyň meniňkidigi, onuň meniň öz ellerim bilen ýazylan goşgudygy asla ýadyma düşmedi.

Emma Srebrenisada gözi ýaşly eneleri görenimden soň mende bir sorag döreýär: Biz musulmanlar hökmünde şu regionda ýaşap bilerismi? Biziň şu regionda geljegimiz barmy? Men öz milletimiň geljeginden gorkýaryn, men meniň milletime gelejekde nämeleriň garaşýanlygyndan howatyrlanýaryn.

Azatlyk Radiosy: Sizi gorkuzýan zat näme?

Jemaletdin Latiç: Men millet hökmünde biziň şu regionda ýaşap bilip-bilmejegimizden alada edýärin. Bize garşy şular ýaly gyrgynçylyklaryň mundan beýläk gaýtalanmajagyna meniň gözüm ýetenok.

Azatlyk Radiosy: Sizi gorkuzýan zatlar barada takyk mysallar berip biljekmi?

Jemalletdin Latiç: Serbleriň köpüsi häzirki günem ýylgyryp ýörler, olar biz ýaly gamgyn däl. Bu wakadan 15 ýyl geçdi, emma şu güne çenli şol gyrgynçylyga näme sebäp boldy, onuň amala aşyrylmagyna esas bolan faktorlar näme - diýlen soraglara-da anyk jogap ýok.

Azatlyk Radiosy: Srebrenisa gyrgynçylygynyň 15 ýyllygy bilen bagly 11-nji iýulda geçirilen şol çärelere gatnaşan halkara liderleriň arasynda Serbiýanyň prezidenti Boris Tadiç hem bardy. Ol özüniň Srebrenisa barmagynyň regionda barlyşygyň emele gelmegine goşant goşjakdygyny aýtdy. Onuň bu sözleri sizi kanagatlandyranokmy?


Jemalletdin Latiç: Biziň sýyasatçylarymyz prezident Tadiçiň iki ýüzli hereket edýändigini aýdýarlar. Onuň sebäbi - Tadiç mundan ozal Serbiýanyň Goranmak ministri bolanda şol gyrgynçylygy amala aşyranlykda aýyplanýan Ratko Mladiçi ele salmady.

Tadiç häzir Serbiýa respublikasynyň prezidenti wezipesini berjaý edýär. Ol heniz hem Ratko Mladiçi tussag etmedi. Eýse onuň sebäbi näme bolup biler? Men Tadiçi iki gezek Srebrenisada gördüm - mundan birnäçe ýyl ozal hem-de 11-nji iýulda.

Men prezident Tadiçiň bosniýaly musulmanlar bilen Serbleriň arasynda barlyşygyň emele gelmegini çyndan hem isleýändigine ynanýaryn. Emma Serbiýadaky jenaýatçy elementleri basyp ýatyrmaga onuň güýjüniň bardygy welin gümana.

Ýöne men bir bosniýaly hökmünde prezident Tadiçi bu çärelere gatnaşanlygy üçin gutlaýaryn, bu biziň gatnaşyklarymyzda täze tapgyrdyr. Emma gynansakda Bosniýadaky serb ýolbaşçylar Srebrenisa gelmediler. Bosniýaly serb liderleriň hiçisi Srebrenisa boýunça Ýewropa hem-de Serbiýanyň parlamenti tarapyndan tassyklanan kararlary hem ykrar etmeýärler. Bu gowlugyň alamaty däl.

Degişli makalalar

XS
SM
MD
LG