Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Ogurlanan” eýranly alym ýurduna dolandy


Atom boýunça eýranly alym Şahram Amiri Tährandaky metbugat konferensiýasynda, 15-nji iýul, 2010-njy ýyl.
Atom boýunça eýranly alym Şahram Amiri Tährandaky metbugat konferensiýasynda, 15-nji iýul, 2010-njy ýyl.

Atom boýunça eýranly alymy Şahram Amiri Eýrana gaýdyp geldi. Ol ABŞ-a öz erkiniň garşysyna alnyp gidilendigini öwran-öwran gaýtalaýar. Ony Tähran aeroportunda Eýranyň döwlet resmileri, ýedi ýaşly ogly we aýaly garşylady.

Amiri metbugat konferensiýada özüniň dürli gynamalara sezewar edilendigini žurnalistlere gürrüň berdi. Şol bir wagtda-da “Washington post” gazeti resmilere salgylanyp, Amiriniň bir ýyl gowrak wagtlap ABŞ-nyň Merkezi aňtaw gullugy üçin işländigini, oňa 5 million dollar tölenendigini ýazýar.

Amiri özüniň Birleşen Ştatlara zor bilen ogurlanylyp äkidilendigini aýdýar. Eýsem, onuň bu sözleri hakykatmyka ýa-da onuň soňky pursat toslap tapan zadymyka?

Alyma nämeler garaşýar?

Bir ýyldan gowrak wagtlap Birleşen Ştatlaryň howpsuzlyk gulluklarynyň elinde saklanan Şahram Amirä Eýranda nähili günüň garaşýandygyny çaklmak kyn, ony häzirlikçe «nämälimlik» diýip atlandyrmak ýerlikli bolsa gerek.

Elbetde, Eýranyň häkimiýetleri ony ABŞ-nyň Merkezi razwedka agentligi tarapyndan alnyp gaçylan bende hökmünde garşy alyp, iň bolmanda, bu ýagdaýy özleriniň propogandasy üçin ulandylar.

Amerikan gizlin gulluklarynyň resmileriniň şeýle möhüm şahsyýeti öz watanyna ugratmak bilen nähili duýguny başdan geçirýändiklerine garamazdan, hakykat ýüzünde Şahram Amiriniň olara aýan eden syrlary, belki, Eýran üçin uly ýitgi bolmagy-da mümkin.

Amerikan resmileri Şahram Amiriniň özlerine näderejede gymmatly maglumat berip-bermändigi barada düşnükli ýagdaýda dymýarlar.

Emma, şeýle-de bolsa, Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamentiniň ozalky ýokary derejeli resmisi Mark Fitspatrik Şahram Amiriniň Eýranda urany baýlaşdyryjy ikinji bir stansiýanyň bardygyny tassyklaýjy maglumatlary beren bolmagynyň gaty ähtimaldygyny aýdýar.

Fitspatrigiň pikiriçe, hut şol maglumatlaryň netijesinde-de geçen aý BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň Eýrana garşy dördünji tapgyr sanksiýalary girizmek kararyna gelen bolmagy mümkin.

Amiriniň tejribeleri

Ýöne 32 ýaşly ýaş atomçy alymyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna Eýranyň ýadro programmasy barada näderejede düýpli maglumat berip biljekdigi barada-da köp soraglar ýüze çykýar. Onda ýadro tehnologiýasy ugrundan bar bolmagy mümkin tejribeler dogrusynda dürli-dürli garaýyşlar we çaklamalar bar.

Şahram Amiri belli bir döwürde «Malek Aştar» uniwersitetinde işläpdi. Ol uniwersitet bolsa, Eýranyň Rewolýusion Gwardiýasy bilen ýakyn baglanyşykly uniwersitet hasaplanylýar. Eýranyň habar serişdeleriniň maglumatlaryna görä, Şahram Amiri ol uniwersitetde medisina izotoplaryny işläp çykaryjy ýadro reaktorynyň üstünde işläpdir.

Emma Eýranyň bosgunlykdaky oppozision topary bolan Milli garşy duruş Geňeşi Şahram Amiriniň hakykatynda Eýranyň «Mojdeh» ýadro merkezinde iş alyp barandygy barada ýakynda bir maglumat ýaýratdy. Şol maglumatda «Mojdeh» merkeziniň adaty bir ylmy-barlag edarasy hökmünde iş alyp barýandygyna garamazdan, onuň Eýranyň esasy ýadro merkezidigi aýdylýar.

Günbataryň käbir habar serişdeleri Şahram Amiriniň Tähranyň golaýyndaky «Lawizan» harby-barlaglar bazasynda-da işlän bolmagynyň mümkindigi barada garaýyşlary çap etdi. Bu gürrüňi edilýän harby-barlaglar merkezi Halkara atom agentliginiň Eýranda yzygiderli gözegçilik alyp baran döwründe, 2004-nji ýylda Eýranyň häkimiýetleri tarapyndan ýapylypdy.

Çapraz beýanatlar

Şahram Amiri geçen ýylyň maýynda Saud Arabystanda dini zyýaratda ýörkä ýitirim bolupdy. Eýranyň häkimiýetlerem, Şahram Amiriniň özem özüniň alnyp gaçylandygyny aýdýar.

Geçen ýyl, şol wakanyň yzy bilen Eýranyň daşary işler ministri Manuçehr Mottaki Şahram Amiriniň ýitirim bolandygy barada açyk çykyş edip, onuň ýitirim bolmagynda Birleşen Ştatlaryň eliniň bardygyny görkezýän dokumentleriň bardygyny öňe sürüpdi.

Soňky birnäçe aýyň dowamynda Şahram Amiri özüniň Birleşen Ştatlara meýletin barandygy, birneme soňra-da özüniň alnyp gaçylandygy barada gapma-garşylykly wideo beýanatlary ýaýratdy.

Käbir synçylar onuň şeýle gapma-garşylykly beýanatlar bilen çykyş etmegi Eýranda onuň maşgala agzalarynyň ýanalmaklary bilen bagly dörän psihologik basyşlaryň netijesi bolmagy mümkin diýip hasaplaýarlar.
XS
SM
MD
LG