Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Almatyda ÝHHG-niň ministrleriniň iki günlük maslahaty açyldy


Şu gün Gazagystanyň Almaty şäherinde Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasyna girýän ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň iki günlük maslahaty açyldy.

Gazagystanyň daşary işler ministri Askar Abdyrahmanow iki gün dowam etjek bu maslahatda Ýewraziýadaky howpsuzlyk meseleleriniň, şeýle hem Owganystandaky we Gyrgyzystanyň günorta regionyndaky ýagdaýlaryň üns merkezinde boljakdygyny aýtdy.

ÝHHG-ä ýolbaşçylyk edýän Gazagystan bu maslahatyň dowamynda şu ýylyň ahyrynda Gazagystanda ÝHHG-niň Sammitini geçirmek meselesinde bu guramanyň agzalarynyň razylygyny gazanmak üçin hem çalşar diýlip garaşylýar.
XS
SM
MD
LG