Sepleriň elýeterliligi

Maýadarlar näme isleýär?


Hazar deňziniň kenary, 2010-njy ýyl.

Hazar deňziniň kenary, 2010-njy ýyl.

Soňky döwürde Türkmenistana daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek ugrunda döwlet ýolbaşçylary tarapyndan aladalar edilýär, ýygy-ýygydan forumlar geçirilýär.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hazar ýakasyndaky “Awaza” dynç alyş zolagynda uly gurluşyklaryň amala aşyrylmagynyň göz önünde tutulýandygyny belläp, daşary ýurt kompaniýalaryny ol ýere maýa goýmaga çagyryp gelýär.

Mundan başga-da, ýakyn wagtlarda Birleşen Arap Emirliklerinde Türkmenistanda maýa goýmak boýunça halkara forum hem geçirildi. Oňa dünýäniň abraýly kompaniýalarynyň 300-den gowragy gatnaşdy. Berdimuhamedow şol masalahata gatnaşyjylara iberen gutlag hatynda “maýa” diýlende diňe bir puluň göz öňüne tutulmaýandygyny, eýse tehnologiýa, önümçilik boýunça täzeçe çemeleşmeler barada hem pikir edilýändigini mälim edipdi.

Şertler we mümkinçilikler

Türkmen ýolbaşçylarynyň resmi çykyşlaryndan çen tutulsa, Türkmenistan daşary ýurt inwestisiýalary üçin açyk ýurda meňzeýär. Emma ýerli synçy Bugaýew entek Tükmenistanda lomaý daşary ýurt maýalarynyň ýatyrylmaýandygyny öňe sürýär.

«Türkmen ykdysadyýeti täzeden kemala gelýän ykdysadyýet bolandygy üçin daşary ýurt kompaniýalary oňa şübheli seredýärler. Soňky döwürde Türkmenistana Hytaýyň kompaniýalarynyň aralaşmagyna giň ýol açyldy. Germaniýanyň kompanýalary hem Hazar deňzinden gaz almak boýunça şertnama baglaşdylar. Malaýziýanyň kompaniýalary hem ençeme ýyldan bäri Türkmenistanda işläp gelýärler. Emma esasy kompaniýalar indi gelmeli” diýip, Bugaýew aýdýar.

Türkmenistanda esasan Türkiýänyň, Orsýetiň, Hytaýyň we käbir Ýewropa ýurtlarynyň kompanýalary işleýärler. Bosgunlukda döredilen
Bir ýurtda kanun işlemese, ol döwlete aňsatlyk bilen maýa ýatyrylmaz.
oppozision «Respublikan» partiýasynyň lideri Nurmuhammet Hanamowyň pikiriçe, Günbataryň iri kompaniýalary diňe demokratik gymmatlyklar dabaralanan ýurtlara pul ýatyrýarlar: «Munuň üçin ýurtda kanun işlemeli, inwestisiýalara kanuny ýagdaýda kepil geçmeli. Şol kepillikler kanunlaryň üsti bilen goralýar. Bir ýurtda kanun işlemese, ol döwlete aňsatlyk bilen maýa ýatyrylmaz».

Hanamowyň pikiriçe, Ýewropa ýurtlarynyň we ABŞ-nyň iri kompaniýalarynyň Türkmenistanda uly möçberli maýa goýmaklaryny gazanmak üçin, ýurtda kanunlaryň doly derejede işlemegini gazanmaly, bazar ykdysadyýetine geçmeli, adam hukuklary goralmaly. “Şu mahala çenli Türkmenistandan bir topar adamlar çykyp bilenoklar, uçarlardan düşürilýärler. Bu ýagdaýlar dünýä ýaýraýar. Bulary görýän, eşidýän daşary ýurtly maýadarlar ýaýdanyp ugraýarlar».

Gazagystan öňde

Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda Gazagystan, Türkmenistan we Özbegistan tebigy baýlyklara baý döwletler hasaplanýar. Käbir synçylar Gazagystanda maýa goýmak üçin döredilen şertleriň Türkmenistana we Özbegistana garanda has oňaýlydygyna ynanýarlar.

Statistiki maglumatlara görä, şu güne çenli Gazagystanda 140 milliard dollarlyk daşary ýurt maýasy ýatyryldy. Eger-de ilat sanyna görä hasaplansa, onda bu GDA döwletleriniň arasynda iň ýokary görkeziji diýlip bellenýär.

Gyrgyzystanly syýasy analitik Orazbek Moldaliýew Merkezi Aziýanyň «Kuweýti» bolmaga Türkmenistanda mümkinçiligiň bardygyna ynanýar. “Emma sermaýaçylar bazar ykdysadyýetli we demokratiýanyň ösen döwletlerine pul ýatyrýarlar. Sebäbi önümçilik üçin inwestisiýa ýatyrylýan bolsa, şol sermaýadan öndürilen önüme bazar gerek bolýar. Bu meselede Türkmenistanyň goňşularyna açyk bolmagy hem uly rol oýnaýar”.

Synçylaryň pikiriçe, Türkmenistanda daşary ýurt maýa goýumlarynyň köp ýatyrylmagyny gazanmak boýunça tagallalar diňe bir halkara konferensiýalar ýa-da duşuşyklar geçirmek arkaly däl-de, ýurtdaky demokratiki çäreleriň artdyrylmagy we adam hukulary boýunça anyk işleriň durmuşa geçirilmegi bilen dowam etdirilmeli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG