Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Öňki KGB-niň generaly bilen söhbet


Orsýetiň öňki Döwlet howpsuzlyk komitetiniň (KGB) gizlin gulluklarynyň generaly Oleg Kalugin köp ýyllaryň dowamynda daşary ýurtlardaky operasiýalara ýolbaşçylyk edipdi.

Kalugin 1980-1988-nji ýyllarda Leningradda KGB-niň başlygynyň birinji orunbasary bolan döwründe Wladimir Putiniň ýolbaşçysy bolupdy.

Mihail Gorbaçýow tarapyndan başlanan “perestroýka” döwründe Kalugin Sowet häkimiýetiniň tankytçysyna öwrüldi we 1990-njy ýylda KGB-ni terk etmäge mejbur boldy.

Şondan bäş ýyl geçensoň Kalugin ABŞ-a göçüp bardy. 2002-nji ýylda Moskwanyň sudy Kalugini watanyna dönüklik etmekde aýyplap, 15 ýyl türme tussaglygyna höküm etdi.

Häzirki wagtda Oleg Kalugin Wladimir Putiniň ýiti tankytçysy, ol Putini “uruş jenaýatçysy” diýip atlandyrýar. Kalugin häzir Waşingtonyň etegindäki kontrrazwedka türgenleşigini alyp barýan Merkezi razwedka edarasynda işleýär.

Kaluginiň KGB-däki alyp baran işleri we ýakynda ABŞ-da ýüze çykan içaly wakasy barada Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy onuň bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Soňky ýyllarda Orsýet ýurduň daşynda ýaşaýan millionlarça orslaryň arasynda watansöýüjilik duýgularyny güýçlendirmek boýunça tagalla edip gelýär. Şeýle tagallalar 1956-1990-njy ýyllar aralygynda sowet migrantlarynyň arasynda KGB-niň alyp baran işleriniň dowam etdirilýändigini aňladýarmy?

Oleg Kalugin
Oleg Kalugin:
Hawa, şol işler doly derejede gaýtadan dikeldildi. Sowet Soýuzy darganda bu meseläniň ähmiýeti gowşapdy. Köp sowet adamlary migrasiýa kanallary arkaly ýurtdan çykypdy. Şondan öň biziň razwedkamyzyň ABŞ-nyň we Ýewropanyň ýörite gulluklarynda öz ynamdar çeşmeleri bardy.

Emma Orsýet aýaga galyp başladygyça bu temanyň ähmiýeti ýene güýçlendi. 10 ýa 12 çeşme diýlip atlandyrylan waka Orsýetiň daşynda ýaşaýan orslara ýene ýokary derejedäki gyzyklanmanyň bardygyny görkezýär. Bu ugurda Orsýetiň prawoslaw kelisesiniň uly rol oýnandygyny we mundan beýläk hem oýnajakdygyny belläsim gelýär.

Öz wagtynda SSSR ýurduň Kommunistik partiýasyna, KGB-ä we harby-senagat kompleksine daýanýardy. Şu günki gün Orsýetiň sistemasynyň gurluşy döwletiň başyndaky KGB-den, KGB-niň öňki bölegi bolan Orsýetiň prawoslaw kelisesinden we Orsýetiň biznesinden ybarat. Biznesde bolsa KGB-niň köp sanly öňki işgärleri işleýärler. Olar esasan hapa pullary ýuwmak ýa razwedka işlerini amala aşyrmak bilen meşgullanýarlar.

Azatlyk Radiosy: Orsýet we ABŞ-nyň arasynda ýakynda ýüze çykan “içalylar wakasy” barada siz nähili pikirde?

Oleg Kalugin:
Bu waka mende gülki döretdi, men muny gülkünç hasapladym. Bu ýagdaý razwedkany ýaňsylaýjy ýasama oýna meňzedi. Bu ýerde 10 ýa 12 adamy saklamak we olaryň gejekde ABŞ-nyň Döwlet departamentine ýa beýleki bir döwlet edaralaryna syzmaklaryna garaşmak wagtyň, puluň, şeýle-de adam resurslarynyň boş ýere sarp edilmeginden başga zat däl. Ýakynda bolan waka meniň beren baham şundan ybarat.

Meniň pikirimçe, Orsýetiň içalylarynyň amerikan içalylaryna çalşyrylmagy bilen ýagdaý taraplar üçin amatly tamamlandy. Emma bu alyş-çalyş belli bir derejede şowsuz boldy. Sebäbi Orsýet hakykatdan hem içalyçylyk eden adamlary boşatdy.

Azatlyk Radiosy: KGB-niň düzüminde kommunistik ideýallara çyn ýürekden ynanan adamlar bardymy?

Oleg Kalugin: Şeýle adamlar köpdi. Öz wagtynda adamlar KGB-ä işe alnanda içgin barlanýardy. KGB öz edaralaryna işe girjekleri diňe terjimehallary, garyndaşlary we aragatnaşyklary taýdan barlamak bilen çäklenmän, olary dogruçyllygy, kommunistik ideologiýa wepalylygy, öňünde goýuljak borjuna bolan düşünjesi nukdaýnazaryndan hem synagdan geçirýärdi. Adamlar örän güýçli synagdan geçirilýärdiler.

Sowet Soýuzy dargap, ilat arasynda ahlak taýdan umumy gowşaklyk emele gelensoň, Kommunistik partiýasyna we KGB-ä örän uly zeper ýetdi. Emma Orsýet ykdysady taýdan aýaga galansoň aňtaw hem howpsuzlyk gulluklaryna gyzyklanma ýene güýçlendi.

Öňki döwürde razwedkada işlemek isleýänleri daşary ýurtlara syýahat etmek, gowy aýlyklar we ýeňillkler gyzyklandyrýardy. Häzir KGB romantik duýgulary güýçli bolanlary, triller eserleri köp okanlary, sowet agentleriniň gahrymançylyklary barada düşürilen filmleri köp görenleri özüne çekýär. Şeýle adamlar kän we olar örän terbiýeli. Emma wagtyň geçmegi bilen olaryň romantik duýgulary öçüp başlaýar, olaryň hemmesi gizlin gulluklardaky bolup geçýän wakalara uýgunlaşyp bilenoklar.

Azatlyk Radiosy: 1970-80-nji ýyllarda Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosyna syzmak boýunça KGB-niň eden tagallalarynda nähili maksatlar göz öňünde tutulýardy?

Oleg Kalugin: Meniň ýolbaşçylyk eden kontrrazwedka boýunça baş edaramda migrantlar, olaryň metbugatlary hem-de radiostansiýalary boýunça iş alyp barýan ýörite bölüm bardy.

Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy ilki başda ABŞ-nyň Merkezi aňtaw gullugy tarapyndan maliýeleşdirilensoň, şeýle obýektler, elbetde, esasy üns merkezinde bolupdy. Muňa garanda, migrantlaryň has köne gazet-žurnallaryna bolan üns has gowşakdy.

Geçmişde Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynda Sowet Soýuzynyň razwedkasy üçin işlän birnäçe adamyň bolandygyny hem aýdyp biljek. Olaryň biri Rus gullugynyň öňki başlygy Oleg Tumanowdy. Ol köpden bäri Moskwada ýaşaýar.
XS
SM
MD
LG