Sepleriň elýeterliligi

ÝB-niň Kosowadaky polisiýasyna fransuz generaly baştutanlyk eder


Ýewrobileleşigiň Kosowadaky polisiýa missiýasyna dynç alyşdaky fransuz generaly Ksawýe Bu De Marnak baştutanlyk eder.

2008-nji ýylda Kosowa Serbiýanyň düzüminden çykanda, ol Kosowadaky NATO güýçlerine serkerdelik edipdi.

De Marnak wezipesine oktýabr aýynda girişer.

Ýewrobileleşigiň iki müň adamly polisiýa missiýasy Kosowada guramaçylykly jenaýatçylyk hem korrupsiýa bilen baglanyşykly jenaýat işleri boýunça derňewi amala aşyrýar.
XS
SM
MD
LG