Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Paradoksal bir ýagdaý döredi


Narodetski: “Hut M.Garryýew G.Berdimuhamedowy saýlaw geçirmezden, Türkmenistanyň prezidenti diýip yglan edip boljakdygyny aýdypdy”.
Narodetski: “Hut M.Garryýew G.Berdimuhamedowy saýlaw geçirmezden, Türkmenistanyň prezidenti diýip yglan edip boljakdygyny aýdypdy”.

Saýlawlar we referendumlar geçirmek boýunça Merkezi komissiýanyň düzüminiň prezident tarapyndan tassyklanmagy häkimiýet sistemasynda uly kemçilikleriň barlygyndan habar berýär. Ol geljekde uly kynçylyklara sebäp bolar.

Merkezi saýlaw komissiýasyna ýene-de Myrat Garryýew başlyk bellenildi, ol özüniň hereketleri bilen ýurduň gümürtiklik, bulam-bujarlyk taryhyna awtomatik suratda girip gitdi. Hut M.Garryýew G.Berdimuhamedowy saýlaw geçirmezden, Türkmenistanyň prezidenti diýip yglan edip boljakdygyny aýdypdy.

Merkezi saýlaw komissiýasyna şeýle garaýyşly adam başlyk bolsa, ondan nämelere garaşyp boljagyny göz öňüne getirmegem kyn! Tutuş komissiýanyň düzümi - 100 prosent prezidentiň özüne hem onuň administrasiýasyna garaşly adamlar.

G.Berdimuhamedow eýýäm ikinji gezek çynlakaý döwlet problemasy – teklipleriň, inisiatiwalaryň ýoklugy bilen ýüzbe-ýüz boldy. Saýlaw komissiýasyna häkimiýete doly garaşly, tabyn adamlaryň bellenmegi başdan inisiatiwalaryň elini-aýagyny güýlüp taşlaýar.

Bu hat-da, dogrusyny aýtsaň, prezident saýlamak boýunça Merkezi komissiýanyň başlyklygyna prezidentiň öz-özüni başlyk bellänindenem erbet ýagdaý. Eger prezident, şeýle bir iş bolup, öz-özüni başlyk bellän bolsady, onda ol özi bilen baglanyşykly wezipeliniň öz öňünde peselmeginden, ýaýaplamagyndan, üzeňňiden üç geçmeginden gutulardy.

Alternatiwa-da ýok

Ýurtda wezipä bellenen çinownik, garaşsyzlyk ýyllary däp bolup gelşi ýaly, özüniň häkimiýete wepalydygyny görkezmeli, anyk hyzmat bilen subut etmeli bolýar.

Ýakynda geçiren hökümet maslahatlarynyň birinde prezident ýurduň ýolbaşçylaryny ýeterlik derejede inisiatiwa görkezmezlikde, özbaşdak mesele çözmezlikde, ýokardan görkezmä garaşyp oturmakda aýyplapdy.

Ine, indem paradoksal bir ýagdaý döredi: merkezden beriljek görkezmä, tabşyryga garaşmaga doly mejbur adamlary prezidentiň özi Merkezi saýlaw komissiýsyna belledi.

Başgaça aýdylanda, häkimiýetiň özi özi üçin kynçylyklar döredýär. Dogrusy, prezidentde üýşüp ýatan alternatiwa-da ýok. Ol režimiň, häkimiýetiň hödürleýän kadrlar bazaryndan saýlap almaga mejbur.

Eger ýurtda oppozisiýa, garaşsyz jemgyýetçilik guramalary ýok bolsa, şeýle ýagdaýda ýurtdaky ýolbaşçy gatlakda özünden ýokardaky başlyga köre-körlük bilen baş egmekden, oňa wepalylygyny görkezmekden başga ýol galmaýar. Prezidentiň täsir ediş arsenalynda başga hili, köp sanly mümkinçilikler, saýlap alar ýaly gurallar ýok.

Gorky ysmaz edip taşlaýar

Güýç, gorkuzmak bilen döwlet bähbitli inisiatiwalary ýüze çykaryp, oňa eýe bolup bolmaýar. Gorky, tersine, döredijilik energiýasyny, hyjuwy ysmaz edip taşlaýar. Durmuşy, ykdysadyýeti liberallaşdyrmazdan, açyklaşdyrmazdan, adamlary nähili galkyndyryp, hyjuwlandyryp bolar?

Ozaly bilen prezident tarapyndan bellenen ýurduň saýlaw komissiýasy liberal şertler barada pikir etmäge, oýlanmaga hemmelerden az, hemmelerden pes derejede aýgyt edip biler.

Häzirlikçe Türkmenistanda liberal şertler diňe bir adam üçin döredildi, ýeke kişi üçin bar. Bu bir tarapdan, liberallyga gezek gelende, ýurtda iň bärkisi ýekeje hakyky mysalyň bardygy üçin gowy.

Ýöne munuň ikinji tarapy hasaba alynmaýar, gürrüňi edilmeýär. Şeýle gyşyklyk, şunuň ýaly uly tapawut bilen graždanlaryň köplügini çekmek arkaly uly hem hakyky planlar düzmek, olary amala aşyrmak häkimiýetlere agyr bolar.

Propagandistik şowhunlaryň arkasynda gizlenenden gowusy ýok. Ýöne o-da wagtlaýyn. Bimöçber uly tutumlar, ägirtlik baradaky ýaňramalar iliň gözüniň alnynda duw-dagyn bolup barýar. Ine, häkimiýetleriň islemeýän şu prosesine gitdigiçe graždanlaryň köpçüligi goşulýar.

Aleksandr Narodetski postsowet döwletleri boýunça britaniýaly bilermen. Şu kommentariýada öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG