Sepleriň elýeterliligi

Eýranyň günortasynda ýer yranmasy ýüz berdi


Şu gün Eýranyň günortasyndaky Kerman prowinsiýasynda rihiter ölçeginde 5.8 bal güýji bolan ýer yranmasy ýüz berdi.

Ýüze çykan bu ýer yranma telefon we transport aragatnaşyklarynyň wagtlaýynça bökdelmegine getirdi.

Ýurduň hökümet resmileri ölen-ýitenleriň bardygy barada häzirlikçe hiç hili maglumatyň alynmandygyny aýdýarlar. Deslapky maglumatlara görä, bu tebigy heläkçilikde azyndan 200-e golaý adam ýaralanypdyr.

Bu wakadan bir gün öň Eýranyň demirgazygyndaky Horasan prowinsiýasynda-da rihter ölçeginde 5.7 bal güýji bolan yer yranma ýüz beripdi. Ol wakada-da ýerli häkimiýetler adam ýitgisiniň bolmandygyny habar beripdiler.
XS
SM
MD
LG