Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýaşlaryň arzuwy gursaklarda garraýar


Radio-telewideniýede nähili hoş sözler aýdylýan-da bolsa, metbugat sahypalarynda nähili ynandyryjy sözler ýazylýan-da bolsa, saýlawlaryň öň ýanynda nähili söz bermeler aýdylyp, kasamlar içilen-de bolsa, “garamaýagyň” çagalary indi özlerine hiç hili ýokary okuwyň ýetdirmejegine düşündiler, ýokary okuw jaýlarynyň özleri üçin ýapykdygyna boýun boldular.

Ummasyz pul, ýokary wezipedäki hossar bolmasa, ýokary bilim hakda arzuw hem edip oturmaly däldigine sada halk hem-de olaryň çagalary düşündiler. Şeýle bolansoň, olar hiç bir okuwsyz galmazlyk niýeti bilen hünärment mekdeplerine tarap ýüz öwürmeli bolýarlar.

Garaşsyzlyk ýyllarynda ähli zadyň ady üýtgedi. Bu «Hünärment mekdebi» diýilýänler öňki professional-tehniki uçilişşeleri. Ýagny, tehniki taýdan hünär berýän uçilişşeler. Olara birbada «liseýler» hem diýdiler. Ýöne indi has türkmençeleşdirip «Hünärment mekdepleri» diýilýär. Dogrusyny aýtsaň, bu diýlişem ýalňyş. Dogry atlandyrjak bolsaň, ýa-ha «Hünärmentlik mekdebi» diýmeli, ýa-da «Hünär berýän mekdep» diýmeli.

Ady näme bolanda-da, edilýän işde bir haýyr bolsa. Öňler bu prof-teh uçilişşeleri tamamlaýanlar agaç ussalary, maşyn bejerýän tokarlar, kebşirleýjiler, holodilnik, telefon, telewizor bejerijiler, suwagçylar, kerpiç örüjiler, peç, suw çekijiler… bolup işläp, il içinde abraý gazanardylar. Bu uçilişşede okaýanlara mugt okuw öwretmek bilen bir hatarda 20-25 rubl stipendiýajyk hem berlerdi.

Üýtgedi

Indi «öňki» diýlen zat galmady. Hemme zat üýtgedi. Hemme zat halka haýyr bermäge däl-de, halky aldaýan bir zada öwrüldi. Hemme ýerde adam aldaýarlar. Stipendiýa hakda-ha gürrüň hem ýok, okamak üçin on aýa ortaça bir müň manat tölemeli. Pul para hökmünde däl-de, açyk ýagdaýda — alýan bilimiň nyrhy hökmünde tölenýär.

«Tölegli esasda okuwa kabul edişligi yglan edýär» diýip, hünärment mekdepleri özleriniň okuwa çagyrýan bildirişlerinde ýazýarlar. Her aýa häzirki denomenirlenen puldan ýüz manat, ýagny 30 amerikan dollaryndan gowrak pul tölemeli. Munuň daşyndan hünäri gerekliräk hünärment mekdeplere bir müň amerikan dollary möçberinde para bermeli. Ony hem bermäge adam tapylan ýagdaýda.

Mysal üçin häzir telefon hyzmatynyň has gereklenýän döwründe, telefon hyzmaty boýunça hünär berýän hünärment mekdeplerine okuwa girmäge isleg bildirýänler örän köp hem-de şeýle hünäri öwredýän hünärment mekdeplerine galyňrak jübüli barmaly. Telefon hyzmatyny öwredýän hünärment mekdeplerine galyň jübüli baranlaryň hem hemmesi alnanok, sebäbi her ýyl okuwa kabul edilmeli san bar. Kim ilki dokument tabşyrsa, şol hem okuwa alynýar.

Dilleşýän ýaly…

Häzirki prof-teh uçilişşeler bolan hünärment mekdepleriniň barynyň öwredýän okuwy hem hut dilleşýän ýaly: buhgalterlik, kompýuteriň operatory, bank işleriniň operatory, kompýuter programmaçysy, kompýuter enjamlaryna hyzmat ediji ussa, menejer, biçimçi, tikinçi, awtoulaglary abatlaýjy ussa, elektrik bilen, gaz bilen kebşirleýji we şuňa meňzeşler.

«Bank», «menejer», «Buhgalter» sözi hemmelere ýaraýar. «Bank işleriniň operatory» «Buhgalterçilik», «Menejer» diýen bölümlere örän köp okuwçylar girýärler. Ýöne Ykdysadyýet we dolandyryş institutyndan, Oba hojalyk uniwersitetinden, Politehniki institutdan menejerlik boýunça-da, buhgalterlik boýunça-da, bank işleri boýunça-da ýokary bilimliler çykyp durka bu hünärler boýunça hünärment mekdeplerinde bilim alanlary hiç kim işe almaýar. Olaryň bilimi örän pes görülýär.

On aýda kompýuterden hem gowy baş çykarmany öwrenip bolmaýar. Ähli zat bazar ykdysadyýetiniň şertlerine geçensoň, kebşirleýji saklaýan hökümet edaralary azalyp, kebşirleýjiler hem özbaşdak iş gözlemeli bolýarlar. Şeýle hem heniz tejribesi bolmadyk çagalara hiç kim kebşirleme işini tabşyrybam duranok. Garaz, şeýle bolansoň, hünärment mekdeplerini tamamlaýan ýaşlar ýene boýunlaryny sallaşyp, işsiz galyberýärler. Bir ýyl hünärment mekdeplerinde güýmenen oglanlar-a soňra ýaşy dolup, goşun gullugyna gidýärler. Gyzlar bolsa öýde oturyberýärler. Gullukdan soň erkek kişiler üçin başga durmuş başlanýar — nähili iş bolsa-da, işe girip, maşgala eklenji bilen bolmaly bolýar.

Ine, şeýdip, ýaşlaryň arzuwy gursaklarda garraýar.

Çoluk Möwlamow aşgabatly intelligensiýa wekiliniň edebi lakamy. Şu blogda öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG