Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaýda 51 adam heläk boldy, 15 adam ýitdi


Hytaýda ýurduň merkezi bölegindäki Henan welaýatynda köpriniň ýykylmagy sebäpli 51 adam heläk boldy, ýene 15 adam at-dereksiz ýiten hasap edilýär.

“Sinhua” agentliginiň berýän maglumatyna görä, waka 24-nji iýulda bolupdyr.

Ölenleriň jesetlerini gözlemek işi häzir hem dowam edýär.

Suwuň ýokary galşyny synlamak üçin köp adam üstüne çykansoň köpri ýykylypdyr.

Hytaýyň merkezi, günorta hem demirgazyk böleklerinde güýçli çagbaly ýagynlar sebäpli suw joşgunlary emele geldi, netijede ýylyň başyndan bäri müň töweregi adam öldi, ýüzlerçesi at-derekesiz ýitdi.
XS
SM
MD
LG