Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kassetaly bombalar gadagan edilýär


Uly mukdarda kassetaly bombalara eýe bolan Beýik Britaniýa, Fransiýa, Germaniýa we Ýaponiýa Konwensiýany tassykladylar.
Uly mukdarda kassetaly bombalara eýe bolan Beýik Britaniýa, Fransiýa, Germaniýa we Ýaponiýa Konwensiýany tassykladylar.

Kassetaly bombalary global derejede gadagan edýän täze ylalaşyk güýje girdi. Kassetaly bombalary gadagan edýän Konwensiýa rim papasy Benedikt 16-njy we BMG-niň Baş sekretary Pan Gi Mun tarapyndan goldanyldy.

2010-njy ýylyň 1-nji awgustyndan başlap, kassetaly bomabalary global derejede gadagan edýän kanun güýjüne girdi. Ýaragsyzlanmak boýunça alnyp barylýan kampaniýa gatnaşyjylar täze ylalaşygy adam ölümine sebäp bolýan serişdeleri gadagan etmek ugrunda düýpli ädim hökmünde kabul etdiler.

Kassetaly ýaraglar babatdaky Konwensiýa kassetaly bombalaryň ähli görnüşleriniň saklanylmagyny, ulanylmagyny we bir ýerden başga ýere
göçürilmegini gadagan edýär. Şeýle-de bar bolan bombalaryň ýok edilmegini talap edýär.

Kassetaly bombalaryň ähli görnüşlerini saklamagy, ulanmagy we bir ýerden başga ýere göçürmegi gadagan edýän kassetaly ýaraglar boýunça Konwensiýa 2008-nji ýylda dünýäniň 107 ýurdunyň gol çeken ylalaşygynyň şu ýylyň başynda 30 ýurt tarapyndan tassyklanmagy netijesinde güýjüne girdi.

Gadagan edilýän kassetaly bombalaryň partlamagy netijesinde partlaýjy maddalar maýda böleklere bölünýär we uly giňişlige ýaýrap partlaýar. Şol sebäpdenem kassetaly bombalaryň ulanylmagy netijesinde parahat ilatyň we şol sanda çagalaryň heläk bolmagy bilen bagly wakalar örän köp bolýar.

Birnäçe ýurt ret etdi


Ylalaşyk ABŞ, Orsýet, Hytaý, Ysraýyl, Hindistan we Pakistan tarapyndan ret edildi. Ýaragyň uly mukdaryna eýe bolan we ýarag öndürýän bu ýurtlar täze ylalaşygyň netijeliligine täsir ýetirmäge ukyply.

Emma adam hukuklaryny goraýjy “Human Rights Watch” guramasyndan Stiwe Goos halkara ylalaşygyna gol çekmedik ýurtlaryň hem geljekde kassetaly ýaraglary ulanmakdan saklanmaga mejbur boljagyna umyt baglaýar.

S.Goosyň bellemegine görä, Konwensiýa goşulmadyk ýurtlardan ABŞ, Orsýet we Ysraýyl kassetaly bombalary geçmişde aktiw ulanan ýurtlar. Emma S.Goos olaryň hem güýje giren täze Konwensiýanyň täsirinden çetde galmajagyny, sebäbi onda ýaraglaryň dünýä derejesinde ulanylmagynyň gagadan edilýänligini belledi.

Dünýä derejesinde kassetaly bombalaryň iň uly mukdaryna ýagny 800 million bomba eýe ABŞ bu ýaragy 2018-nji ýyldan soň gadagan etmekçidigini mälim etdi. Uly mukdarda kassetaly bombalara eýe bolan Beýik Britaniýa, Fransiýa, Germaniýa we Ýaponiýa Konwensiýany tassykladylar.

“Iň uly ädim”


Graždan jemgyýetçiliginiň 200 guramasyndan ybarat Kassetaly ýaraglar boýunça koalisiýanyň agzasy Tomas Neş Konwensiýada kassetaly ýaraglary ýok etmegiň talap edilýänligini goldady.

Tomas Neş täze kanuna 10 ýyl mundan ozal gury ýer minalaryna girizilen gadagançylykdan bäri halkara gumanitar kanunçylygynda ädilen iň uly ädim hökmünde garaýar. Ol “Konwensiýanyň kabul edilmegi bombalaryň pidalaryna ýardam berilmegi üçin hem ýuridiki taýdan esas döredýär” diýýär.

Kassetaly ýaraglary gadagan edýän Konwensiýa oňa goşulan ýurtlardan bar bolan bomba zapaslaryny sekiz ýylyň dowamynda ýok etmegi, bombalar ulanylan regionlary 10 ýylyň dowamynda olaryň galyndysyndan doly arassalamagy we bomba partlamasynyň pidalaryna ýardam bermegi talap edýär.

Kassetaly bombalaryň pidalary

Rim papasy kassetaly bombalary gadagan edýän Konwensiýanyň kabul edilmegini makullap eden çykyşynda bu aýylganç ýaragdan adamlaryň heläk bolmagynyň dowam edýänligine ünsi çekdi.

20-den gowrak ýurtda adamlaryň kassetaly bombalardan ejir jekýänligini we bomba partlamasy bilen bagly wakalaryň bäşden üçüsiniň adamlaryň gündelik durmuşynda bolup geçýänligini adam hukuklaryny goraýjylar aýdýarlar. Bu bombalaryň pidalarynyň köpüsi çagalar. Käbir çagalaryň bu bombalary oýnap, häläk bolmagy-da seýrek duşýan zat däl.

Adam hukuklaryny goraýjy guramalaryň maglumatyna görä, kasseta bombalarynyň pidalarynyň 98%-i parahat ýaşaýjylar, olaryň üçden biri-de çagalar.
XS
SM
MD
LG