Sepleriň elýeterliligi

Liwan-Ysraýyl serhedinde 5 adam öldi


Liwanyň günortasynda Ysraýyl bilen serhetde bolan çaknyşykda 3 liwanly esgeriň we bir žurnalistiň heläk bolandygy habar berildi.

Ysraýylyň hem bir harby polkowniginiň heläk bolandygy aýdylýar.

Ysraýyl tarapy bu çaknyşygy BMG-niň Howsyzlyk Geňeşi tarapyndan kabul edilen 1701-nji rezolýusiýasynyň bozulmagy diýip atlandyrdy.

Çaknyşygyň emele gelmegine nämäniň sebäp bolandygy heniz belli däl.

Ýsrayl bu wakada Liwan tarapyndan atylan oklardan öz 2 esgeriniň ýaralanandygyny aýdýar. Liwan tarapy bolsa Ysraýylyň esgerleriniň serhedi bozandyklaryny öňe sürýär.

BMG-niň wekilleri taraplary asudalyga çagyrdy.
XS
SM
MD
LG