Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝHHG-niň polisiýasynyň ýakynda Oşa barmagy mümkin


Düýn Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň bildirmegine görä, guramanyň polisiýa güýçleriniň sentýabr aýynyyň başlarynda Oşa barmagy mümkin.

ÝHHG-niň Wenadaky edarasynyň metbugat wekiliniň orunbasary Morewiçiň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, polisiýa ofiserleriniň haçan Oşa barjakdygy heniz doly anyk däl.

ÝHHG-niň wekili bu baradaky kararlary tassyklamaga ygtyýary bolan hemişelik geňeşiň awgust aýynda maslahatynyň bolmajakdygyny hem sözüne goşdy.

Düýn Gyrgyzystanyň daşary işler ministri Ruslan Kazakbaýewiň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, hökümet bu ugurda ÝHHG bilen işleşýär.

“Häzir ÝHHG maslahatçy polisiýa güýçlerini Gyrgyzystana ibermegi karar edýär. Munuň ýakyn wagtda bolmagy ahmal. Häzir gurama kandidatlary saýlaýar. Biz şol maslahatçylaryň orsça bilmelidigi, tejribeli bolmalydygy we biziň medeniýetimize, mentalitetimize düşünmelidigi barada öz tekliplerimizi ýolladyk” diýip, Gyrgyzystanyň daşary işler ministri R.Kazakbaýew Azatlyk Radiosyna aýtdy.

Gyrgyzystanyň prezidenti Roza Otunbaýewa ÝHHG-niň polisiýa güýçleriniň Gyrgyzystana barmagyna geçen aý rugsat berdi.
XS
SM
MD
LG