Sepleriň elýeterliligi

Otunbaýewa: "Özbeklere garşy bikanun hereket edildi"


Şu gün Gyrgyzystanyň prezidenti Roza Otunbaýewa ýurduň howpsuzlyk güýçleriniň soňky günler ýerli özbeklere garşy bikanun hereket edendiklerini boýun alyp, çykyş etdi.

Bu barada «Frans-Press» habar agentligine beren interwýusynda Roza Otunbaýewa bu barada ýerli özbekler we käbir synçylar tarapyndan bildirilen aýyplamalarda esaslaryň bardygyny tassyklady we käbir anyk mysallara-da salgylandy.

Bu wakadan öň ynsan hukuklaryny goraýjy köp guramalar we Birleşen Milletler Guramasy iýun aýynda Gyrgyzystanyň günortasynda bolan etniki bulagaýçylardan soň ýurduň howpsuzlyk güýçleriniň ýerli etniki özbekleriň hukuklaryny basgylaýjy çäreleri amala aşyrýandyklary barada beýanat ýaýradyp, çykyş edipdiler.
XS
SM
MD
LG