Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Talyplar göwreli zenany köpçüligiň öňünde öldürdi


Owganystanyň howpsuzlyk güýçleriniň aýtmagyna görä, Talyban toparynyň söweşijileri keseki adam bilen nikasiz jynsy gatnaşyk guranlykda aýyplap, bir göwreli zenany halk köpçüliginiň gözüniň öňünde öldürdiler.

Owganystanyň Türkmenistan bilen serhetdeş Badhyz welaýatynda iş alyp barýan howpsuzlyk güýçleriniň ýokary derejeli wekili Abdyl Jepbar Saleh bu wakanyň ýekşenbe güni bolanlygyny aýdyp, şeýle diýdi: “Bu waka Badhyzyň Kades etrabynda boldy. Talyplar zenany atyp öldürmezden öň ony halk köpçüliginiň gözüniň öňünde 200 gamçy bilen jezalandyrdy”.

Howpsuzlyk güýçleriniň wekili A.J.Saleh 40 ýaşyndaky Bibi Sanobar atly dul zenanyň ilki başda üç günläp tussaglykda saklanylanlygyny aýdyp, ony öldürmek baradaky hökümiň talyplaryň etrapdaky ýolbaşçysy Mulla Mohammad Ýusuf tarapyndan çykarylanlygyny belledi. Talyplar bu aýyplamalary ret edýär.

Owganystanyň Adam hukuklary boýunça garaşsyz komissiýasynyň ýolbaşçysy Sima Samar bu wakany ýazgaryp, munuň adam hukuklarynyň gös-göni depelenmegidigini nygatdy.

Talyplar 1996-2001-nji ýyllaryň aralygynda Owganystanda häkimiýeti dolandyrypdy. Şol wagtlar adamlaryň halk köpçüliginiň öňünde öldürilýändigi baradaky habarlar yzygiderli eşidilýärdi.
XS
SM
MD
LG