Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan Hytaýdan 4.1 milliard dollarlyk karz alar


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaýyň Döwlet ösüş bankyndan 4 milliard 100 million dollara barabar karz puluny alyp, bu serişdeleri Günorta Ýolöten gaz ýatagynyň özleşdirilmegine sarp etmegi degişli ýolbaşçylara tabşyrdy. Bu barada türkmen metbugaty habar berýär.

Bu serişdeleriň bir böleginiň gaz arassalaýjy kompleksleriň gurluşygyna sarp ediljekdigi penşenbe güni geçirilen maslahatda bellenildi.

«Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Nury Muhammedowa işleriň depgininiň haýal barýandygy üçin berk käýinç yglan edilendigi hem habar berilýär.
XS
SM
MD
LG