Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Köçeleriň atlary üýtgedilermi?


Ozal san bilen belgilenip, ýakynda öňki ady bilen çalşyrylan Aman Kekilow köçesi.
Ozal san bilen belgilenip, ýakynda öňki ady bilen çalşyrylan Aman Kekilow köçesi.

Mundan ýedi ýyl ozal Nyýazowyň görkezmesi bilen şäher häkimligi paýtagtyň ähli köçeleriniň atlaryny aýryp, olary san bilen belgiläp çykypdy.

Paýtagtyň esasy köçeleri bolan Saparmyrat Türkmenbaşy, Atamyrat Nyýazow, Gurbansoltan eje, Garaşsyzlyk, Bitarap Türkmenistan, Magtymguly, Görogly, Oguzhan ýaly şaýollarynyň atlary bolsa galdyryldy.

Haýsy bähbitden ugur alyndy?

Paýtagtyň köçeleriniň atlaryny üýtgetmegi şäher häkimine görkezme berende ýurduň öňki prezidenti Saparmyrat Nyýazow Aşgabadyň köçeleriniň hut Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň iri şäherlerindäki ýaly sanlar bilen belgilenmeginiň zerurdygyny öňe sürüpdi.

Iri şäherlerde köçeleriň belli bir adynyň bolman, diňe sanlar bilen belgilenýändigini mälim eden Nyýazow Aşgabadyň hem köçeleriniň diňe sanlar bilen belgilenmelidigini aýtsa-da, ol özüniň, ýakyn hossarlarynyň adyny göterýän köçeleri sanlar bilen belgilemäge rugsat berdirmändi.

Diňe ejesidir kakasynyň hem-de öz atlaryny göterýän köçeleri öňküliginde galdyranyndan soň ile arasynda gürrüň köpeldi. Şondan soň Nyýazow taryhda yz galdyran şahsyýetler Oguzhan, Görogly, Magtymguly, şeýle hem Bitarap Türkmenistan, Garaşsyzlyk köçeleriniň atlaryny hem öňküliginde galdyrdy.

Paýtagtyň ähli köçeleriniň sanlar bilen belgilenip, Saparmyrat Türkmenbaşy, Atamyrat Nyýazow, Gurbansoltan eje şaýollarynyň atlarynyň galdyrylmagy Saparmyrat Nyýazowyň özüniň hem-de ýakyn hossarlarynyň kultuny ýokary götermek boýunça eden hereketleriniň ýene biri bolupdy.

Adamlar kösenýärler

Ministrler Kabinetinde S.Nyýazowyň şäher häkimine paýtagtyň köçeleriniň sanlar bilen belgilenmekde gaty haýal-ýagallyga ýol berýändigini tankytlap eden çykyşyndan az salym geçmänkä, Aşgabadyň köçeleriniň atlary gaty tiz ýagdaýda sanlar bilen belgilendi.

1960 belgili köçäniň öňki Öwezdurdy Kulyýew adyndaky köçedigini diňe şu taryhy bellikden bilip bolýar.
Köçeleriň şeýle çalt ýagdaýda sanlar bilen belgilenmegi paýtagtlylaryň enter-pelegini aşyrdy. elaýatdan paýtagta gelýän myhmanlar bolsa köçeleriň sanlar bilen belgilenmeginden häzir hem köçençlik çekýärler.

Aşgabadyň köçeleriniň 70 göterimi uzynlygy boýunça gysga köçelerdir. Olaryň arasynda hatda 1 kilometre ýetmeýän köçeler hem kän. Kiçijik köçeleri bolsa salgy bermegem, ony tapmagam kyn bolýar. Şol sebäpden köçeleriň sanlar bilen belgilenmegi paýtagtyň ýaşaýjylaryny, myhmanlaryny gaty kyn ýagdaýa saldy. Olar san bilen belgilenýän köçeleri tapmakda juda kösençlik çekip başladylar.

Paýtagtyň köçeleriniň tas ählisiniň sanlar bilen belgilenendigine garamazdan, aşgabatlylar ol köçeleri häli-häzire çenli hem köne, öňki atlary boýunça atlandyrýarlar. Hatda resmiler hem köçeleriň atlarynyň ilki sanly belgisini aýdyp, soňundan bolsa hökman onuň öňki adyny getirýärler.

Ýedi ýyla golaý wagtyň geçendigine garamazdan, paýtagtlylaryň tas hemmesi diýen ýaly, hatda öz ýaşaýan köçesiniň hem sanly belgisini takyk bilmeýärler. Bu bolsa paýtagtyň köçeleriniň sanlar bilen belgilenmeginiň aşgabatlylara oňyn täsir etmändigini aýdyň ýüze çykarýar.

Öňki atlar ýene gaýtarylyp berlermikä?

Eger paýtagtyň köçeleriniň häzirki sanly belgileri aýrylyp, ýene-de öňki atlary gaýtarylyp beriljek bolsa, onda bu babatda käbir meseleleriň ýüze çykmak ähtimallygy bar. Sebäbi paýtagtyň köçeleri sanlar bilen belgilenmänkä, Sowet hökümeti döwründäki ýolbaşçylaryň atlary dakylan köçeler, öňki režimiň ideologiýasyna dahylly köçeler hem bardy. Köçeleriň öňki atlary gaýtarylyp berlende, bu meselä hökman garalsa gerek.

Häzirki wagtda paýtagtyň köçelerindäki sanlar bilen belgilenen belgileriň könelip, göze ilmez derejä ýeten ýerlerine kän duş gelinýär. Bu belgiler, degişli kişiler tarapyndan näme üçindir täzelenip durulmaýar. Ýöne muňa garamazdan, könelen belgileri köçäniň öňki ady bilen çalşyrylyp dakylýan ýerlerine hem az hem bolsa-da, gabat gelmek bolýar.

Ýerli habarçynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.
XS
SM
MD
LG