Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Global saglyga abanýan täze howp


NDM-1 (New Delhi Metallo-beta-lactamase) diýip atlandyrylýan gen Hindistan we Pakistanda operasiýa bolan bir britaniýaly syrkawdan tapyldy.
NDM-1 (New Delhi Metallo-beta-lactamase) diýip atlandyrylýan gen Hindistan we Pakistanda operasiýa bolan bir britaniýaly syrkawdan tapyldy.

Ýaňy, 10-njy awgustda, Bütindünýä saglygy saklaýyş guramasy doňuz dümewiniň (H1N1) indi global saglyga abanýan howp däldigini yglan etdi. Ýöne bu işiň üstünden 24 sagat geçer-geçmez bir täze howpuň abanyp gelýändigi belli boldy.

Aýdylyşyna görä, aşa güýçli bakteriýanyň bir görnüşiniň tutuş dünýä ýaýramagy mümkin. Ol häzirki bakteriýalary berk forma öwürýär. Ony bejerere hem derman ýok diýerlik. Britaniýanyň medisina žurnaly “Lansetiň” ýazmagyna görä, bu güýçli bakteriýada bir gen bar. Ol gen bir bakteriýadan beýlekilere geçip, olary antibiotiklere biparh edýär.

Britaniýanyň Saglygy goraýyş agentliginiň işgäri Dawid Liwermor žurnalda aýdylýan bu barlaga gatnaşanlaryň biri. Ol bu problemany şeýle düşündirýär: “Munuň ýaýramagy bilen bolýan zat, ine, şeýle: bu bakteriýalardan döreýän infeksiýany aňsatlyk bilen bejerip bolanok. Umuman, aktiw galýan bir ýa iki antibiotik bar. Ine, bary şu”.

NDM-1

NDM-1 (New Delhi Metallo-beta-lactamase) diýip atlandyrylýan gen Hindistan we Pakistanda operasiýa bolan bir britaniýaly syrkawdan tapyldy. Bu bakteriýa ilkinji gezek öten ýyl birnäçe wagtlap Hindistanda keselhanda ýatan bir şweýsiýaly syrkawda görlüpdi.

NDM-1 bakteriýalary juda güýçlendirýär. Onsoň olary iň güýçli antibiotikler bilen-de aradan aýryp bolanok. Ol Hisdistanda giňden ýaýrandyr diýip, güman edilýär.

Britaniýada bu geniň jemi 37 adamda bardygy anyklandy. Bularyň hemmesi günorta-gündogar Aziýada operasiýa bolan adamlar. Bu gen häzir bakteriaýanyň pneumonia we E. koli görnüşi bilen baglanyşykda tapyldy. Ýöne alymlar onuň beýleki görnüşlere hem geçmegi mümkin diýýärler.

“Bu geniň dürli bakteriýalara ýaýrap, syrkawlarda olary güýçli bakteriýa öwürmegi mümkin. Şeýle bolan ýagdaýynda biz hakyky kynçylyk bilen ýüzbe-ýüz bolarys. Onsoň köp infeksiýalary bejermek gaty kyn düşer” diýip, Liwermor aýdýar.

Öňüni alyş

Bu aşa güýçli bakteriýanyň ýaýramagynyň öňüni almak üçin Liwermor we onuň topary täze antibiotikleri tapmak üçin geçirilýan barlaglara goýberilýän serişdeleriň artdyrylmagyny maslahat berýär. Ýöne onuň ýokaşmagynyň öňüni keselhana enjamlaryny oňat dezinfeksiýa etmek ýa eliňi antibakterial sabyn bilen ýuwmak bilen hem alyp bolýar.

SDS-iň (CDC) medisina işgäri Aleks Kalleniň aýtmagyna görä, bu güýçli bakteriýa problema döretse-de, täze hadysa däl: “Bilşiňiz ýaly, bu bakteriýalar gaty howply we güýçli organizmler. Şol sebäpden olar jemgyýetçilik saglygy üçin bir çynlakaý mesele golup durýarlar. Ýöne bu täze mehanizm (NDM-1), biziň bilşimize görä, Birleşen Ştatlarda şu wagt görülýänlerden tapawutly zat däl”.

Halkara guramalary infeksiýa bolmaz ýaly, öňünden çäre görmek, mysal üçin, keselhana enjamlaryny dezinfeksiýa etmek we eliňi ýygy-ýygydan antibakterial sabyn bilen ýuwmagyň möhümdigini nygtaýarlar.
XS
SM
MD
LG