Sepleriň elýeterliligi

Eýran üçünji ýadro merkezini gurjakdygyny aýdýar


Dünýäniň uly güýçleriniň garşy çykmagyna garamazdan, Eýran urany baýlaşdyrmak boýunça üçünji merkezini gurmak işine 2011-nji ýyldan girişjekdigini yglan etdi.

Ýurduň döwlet eýeçiligindäki telekanaly Eýranyň Atom energiýasy gullugynyň ýolbaşçysy Ali Akber Saleha salgylanylyp ýaýradan habarynda täze guruljak 10 sany ýadro merkeziniň ýerleşjek etraplarynyň kesgitlenendigini we olardan biriniň gurluşyk işiniň Eýranyň kalendary boýunça şu ýyl ýa indiki ýylyň başlaryna başlanjakdygyny habar berdi.

Eýranyň kalendary boýunça şu ýyl 2011-nji ýylyň mart aýynda tamamlanýar.

Eýran Natenz regionynda ýerleşýän esasy ýadro merkezinde urany baýlaşdyrmak işini öňden bäri dowam edip gelýär.

Tähran urany baýlaşdyrmak boýunça ikinji merkezini ýurduň günorta-günbatarynda ýerleşýän Fordo etrabynyň daglyklarynda gurýar.
XS
SM
MD
LG