Sepleriň elýeterliligi

Eýranda harby uçar heläkçilige uçrady


Eýranyň metbugatynda berlen maglumatlarda Buşer şäherinden 6 kilometr uzaklykdaky ýere söweş uçarynyň gaçandygy aýdylýar. Uçaryň iki piloty ýaralanypdyr.

Sişenbe güni bolan bu waka Buşerdaky atom elektro-stansiýasynyň açylyş dabarasynyň geçirilmegine birnäçe gün galanda ýüze çykdy.

21-nji awgusta Buşerdäki atom elektro-stansiýasynyň açylyş dabarasyna Orsýetiň “Rossatom” korporasiýasynyň ýolbaşçysy Sergeý Kirienko bilen Eýranyň atom energiýasy boýunça edarasynyň ýolbaşçysy Ali Akbar Salehi dagylar gatnaşar diýlip garaşylýar.
XS
SM
MD
LG