Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanly studentler Gyrgyzystana dolanyp bilerler


Türkmenistanly studentlere okuwlaryny dowam etdirmek üçin Gyrgyzystana dolanmaga rugsat berilýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy aýdýar.

Ogul-gyzlaryny Gyrgyzystana ibermekçi bolýan ene-atalar “ähli jogapkärçiligi öz üstüne alýandygy” barada dil haty ýazyp, her bir student “okuwa gitmek üçin ýardam bermeklerini sorap, Migrasiýa gullugyna haýyşnama bilen ýüz tutmaly” diýlip, habar berilýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçysynyň maglumatyna görä, Gyrgyzystana okamaga gidýänler çakylyk hatlaryny hem görkezmeli. Emma olar Orsýete, Türkiýä we käbir beýleki ýurtlara okamaga gidýän studentler ýaly Bilim ministrliginde hasaba alynmaýarlar.

Iýun aýynda Gyrgyzystanyň Oş we Jelalabat şäherlerinde emele gelen etnigara çaknyşyklardan soň bu ýurtda, esasan hem Gyrgyzystanyň dartgynly günorta regionlarynda bilim alýan 4 müňden gowrak türkmenistanly student yzyna çagyrylypdy.
XS
SM
MD
LG