Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Medwedew owgan, pakistan we täjik liderleri bilen duşuşdy


Çarşenbe güni Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew ýurduň Soçi şäherinde Owganystanyň, Pakistanyň we Täjigistanyň döwlet liderleri bilen gepleşik geçirdi.

Bu regional duşuşykda taraplar käbir özara ykdysady proýektler barada ylalaşyk baglaşdylar.

Şeýle hem, bu maslahatda Orsýetiň, Owganystanyň, Pakistanyň we Täjigistanyň döwlet liderleri Owganystanyň infrastrukturasyny dikeltmek işlerine ýardam bermek barada-da ýörite özara deklarasiýany kabul etdiler.

Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedewiň, Owganystanyň prezidenti Hamyt Karzaýyň, Pakistanyň prezidenti Asif Aly Zardariniň we Täjigistanyň prezidenti Imomoli Rahmonyň geçiren bu gepleşiklerinde Owganystandan daşary çykarylýan neşe maddalaryna hem-de global terrorizme garşy göreş meseleleri barada-da pikir alşyldy.
XS
SM
MD
LG