Sepleriň elýeterliligi

Pakistanda täze gelen sil 350 müň çemesi adama täsirini ýetirdi


Düýn Pakistanyň hökümeti günortadaky Sindh sebitinde adamlary ýaşaýan ýerinden göçürmegi buýurdy.

Hususan-da, Hind derýasynyň suwunyň joşmagy netijesinde Sujawal, Daro, Mirpur Bataro şäherleriniň ilatyny öýlerinden göçürmek buýruldy.

Bu ýerleriň ilaty goşulyp alnanda 400 müň çemesi adamdyr. Resmiler Hind derýasynyň boýundaky şäherleriň ilatynyň köpüsiniň eýýäm öýlerinden göçendigini, ýöne müňlerçe adamyň göçmän galandygyny aýdýarlar.

Düýn Birleşen Ştatlar Pakistana sil betbagtçylygy sebäpli berjek kömegini jemi 200 million dollara ýetirendigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG