Sepleriň elýeterliligi

Ýaşlaryň ölümine näme sebäp bolýar?


Bütindünýä saglyk guramasy 12-nji awgustdan başlap, Halkara ýaşlar ýylyny yglan etdi. Şunuň bilen baglanyşykly bu gurama ýaşlaryň ömrüne howp salýan faktorlara köpçüligiň ünsüni çekip, bu barada ýörite maglumat ýaýratdy.

Bütindünýa saglyk guramasynyň berýän maglumatyna görä, dünýäde her ýyl 15-24 ýaş aralygyndaky ýaşlardan 1 million 800 müň adam heläk bolýar. Aradan çykýan ýaşlaryň köpüsiniň ölüminiň öňüni alyp boljakdygy aýdylýar.

Ýaşlaryň ömrüne howp salýan faktorlaryň biri – gyzlaryň ir çaga dogurmagydyr. Her ýylda 15-19 ýaş aralygyndaky gyzlaryň 16 millionysy ýaş başyndan ene bolýarlar.

2008-nji ýylda AIDS keseli ýokuşan adamlaryň 40%-i 15-24 ýaş aralygyndaky ýaşlardyr. Her ýyl ýaşlaryň 20% töwereginde dürli psihiki keseller ýüze çykýar. Şol problemalar köplenç depressiýadan ýa-da gorky-howsaladan ybarat.

Maglumata görä, saglyga zyýanly bolsa-da, 150 million oglan-gyzda çilim çekmek endigi bar. Her gün 10-29 ýaş aralygyndaky 565 adam özara çaknyşyklaryň, zorlugyň pidasy bolýarlar. Her günde çen bilen 1000-e golaý ýaş-ýetginjek ýol-transport heläkçiliginde ölýär.

Türkmenistanda heläk bolýan adamlaryň statistikasy köpçülige ýetirilmese-de, ýerli synçylaryň beren maglumatlarynda ýaşlaryň arasynda heläk bolýanlaryň köpdügi aýdylýar. Muňa gonamçylyklarda jaýlanan ýaşlaryň köp bolmagy şaýatlyk edýär.

Türkmenistanda beýleki faktorlar bilen bir hatarda ýaşlaryň biwagt ölümine ýurtda örän giňden ýaýran neşekeşligiň esasy sebäpleriň biri bolup durýanlygy aýdylýar.
XS
SM
MD
LG