Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Rus aktiwistleri ençeme şäherde protest planlaşdyrýar


Orsýetiň oppozision we adam hukuklary aktiwistleri şu gün giçlik Moskwada, Sankt-Peterburgda we beýleki bir topar şäherde yzygider, rugsat edilmedik protestlere ýygnanmagy planlaşdyrýarlar.

Rus aktiwistleri rus Konstitusiýasynyň 31-nji maddasyna, ýygnanyşmak azatlygynyň kepilligine ünsi çekmek üçin, her aýyň 31-ne protest gurnamakçy bolýarlar.

Häkimiýetler demonstrasiýa geçirmäge rugsat bermekden yzygider boýun gaçyrýarlar.

Aktiwistler protest geçirmek üçin rugsatyň gerek däldigini, sebäbi Konstiutusiýanyň özlerine şeýle hukugy berýändigini aýdýarlar.

Emma polisiýa olaryň protestlerini başlanmanka dargydýar.
XS
SM
MD
LG