Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Maliki: “Yrak milli garaşsyzlygyna gowuşdy”


Yragyň premýer-ministri Nury al-Maliki Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň wise-prezidenti Jo Baýden bilen duşuşýar, Bagdad, 31-nji awgust.
Yragyň premýer-ministri Nury al-Maliki Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň wise-prezidenti Jo Baýden bilen duşuşýar, Bagdad, 31-nji awgust.

Sişenbe güni Yragyň premýer-ministri Nury al-Maliki: “Ýurtda Birleşen Ştatlaryň söweş operasiýalarynyň soňlanmagy bilen Yrak milli garaşsyzlygyna gowuşdy” diýdi.

Maliki telewideniýede eden çykyşynda Yrak halkyna ýüzlenip: “Ýurt indi özbaşdak we garaşyz. Oňa abanýan howpa garşy onuň öz howpsuzlyk güýçleri iş alyp bararlar” diýdi.

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama öten ýyl bu wezipä geleninde, az wagtdan ABŞ-nyň Yrakdaky söweş missiýasynyň 2010-njy ýylyň 31-nji awgustynda tamamlanjakdygyny aýdypdy. Onuň aýdyşy ýaly, bu operasiýa düýn resmi taýdan tamamlandy.

Yrakda amerikan esgerleriniň sanyny azaltmak işi ençeme aý bäri dowam edip gelýär. Amerikan güýçleri söweş operasiýalarynyň jogapkärçiligini 7-nji awgustda Yragyň öz howpsuzlyk güýçlerine tabşyrdylar.

2007-nji ýyldan bäri gazaply uruş hereketleri ep-esli azaldy. Ýöne, umuman alanyňda, howpuň derejesi şindi-de ýokary. Yraklylaryň köpüsi amerikan esgerleriniň sanynyň azalmagy, 2011-nji ýylda-da olaryň bütinleý ýurtdan çykmagy netijesinde dürli toparlaryň arasynda gandöküşikli çaknyşyklar tutaşar diýip gorkýarlar.

Bagdatly Nury Al-Marsumy: “Yragyň öz güýçleri howpsuzlygy üpjün edip bilmez” diýýär: “Yrakda uruş tamamlananok. Urşuň tamamlanmandygyny bir raýat hökmünde men aýdýaryn. Terrorizme garşy göreş şindi-de bar. ABŞ-nyň ýurtdan çykmagy tapgyrlaýyn däl-de, birden boldy. Yrak goşunyna boşlugy doldurara wagt berilmedi”.

Žurnalist Hasan Al-Timmininiň pikiriçe, saýlanan syýasatçylar täze hökümeti gurmak barada ylalaşyga gelmeseler, yraklylaryň gazaply hereketleriň turmagyndan edýän gorkusy dowam eder: “Biz Yrakda indi uruş sowlandyr, yrakly syýasatçylar hökümet gurmakda basym ylalaşarlar diýip, umyt edýäris. Täze hökümetiň gurulmagy köp adamlar üçin urşuň tamamlanmagy diýmek. Syýasatçylar ylalaşyp, hökümet gurulsa, ýagty geljegimiz bolar”.

Syýasatçylara täsir ýetirermi?

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň wise-prezidenti Jo Baýden duşenbe güni agşam Bagdada bardy. Maksat yrakly syýasatçylaryň arasyndaky pikir tapawutlaryny ýeňip geçmäge goşant goşmak. Ol şeýle hem: “Birleşen Ştatlar sizi taşlap gitmez” diýip, yrak ýolbaşçylaryny arkaýynlaşdyrdy.

Baýden düýn prezident Jelal Talabany, premýer-ministr Nury al-Maliki, öňki premýer-ministr Iýad Allawy, şeýle hem ýaňy saýlanan beýleki syýasatçylar bilen duşuşdy. Allawynyň “Al-Yrakiýe” bloguna degişli parlamentçi Izz El Deen Dawlanyň garaýşyça, amerikanlaryň çekilmegi Bagdatda syýasatçylaryň özara tapawutlary ýeňip geçmegine itergi bolmaly.

Ýöne ýurduň iki esasy şaýy toparyny öz içine alýan Yragyň Milli Bileleşiginiň agzasy Wael Abdullatyp amerikanlaryň çekilmegi bagdatly syýasatçylara täsir ýetirer öýdenok.

“Esasy syýasy ýolbaşçylar – olar özlerini şeýle atlandyrýar – bu ýa ol ýerdäki orun ugrunda göreşýärler. Men olar amerikanlaryň ýurtdan çekilmegine ýa partlamalara, hyzmatlara ýa howpsuzlyga, halkyň närazylygyna ýa başga zatlara ähmiýet berýändirler öýdemok” diýip, Wael Abdullatyp aýdýar.

Yragyň Milli Bileleşiginiň agzasy Wael Abdullatybyň pikiriçe, amerikanlaryň çekilmegi esasy ýolbaşçylara täsiri edenok. “Bu premýer-ministrlik ýa beýleki ýokary orunlar ugrunda barýan göreşiň dowam etjekdigini aňladýar” diýip, Abdullatyp aýdýar.
XS
SM
MD
LG