Sepleriň elýeterliligi

“Kia Motors” kompaniýasynyň prezidenti wezipesinden çekildi


Günorta Koreýanyň “Kia Motors” kompaniýasynyň prezidenti Çun Wi Sun dünýäniň ençeme döwletinde Kia awtomobilleriniň köpçülikleýin yzyna ýygnalyp alynýandygy bilen bagly wezipeden çekilýändigini aýtdy.

“France Presse” agentliginiň maglumatyna görä, kompaniýa ABŞ-da we Günorta Koreýada elektrik geçiriji simlerdäki problema bilen bagly 85 müň gowrak maşyny yzyna çagyrmakçy. Hytaýda Kia 18 müň maşyny yzyna alar.

Prezidentiň iş başyndan çekilýändigi baradaky arzasyny “Kia Motors” kompaniýasynyň Direktorlar geňeşiniň başlygynyň kabul edendigi habar berilýär.
XS
SM
MD
LG