Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Wladikawkazdaky partlamada ölenleriň sany artýar


9-njy sentýabrda Demirgazyk Osetiýanyň paýtagty Wladikawkazyň bazarynda bolan partlamada heläk bolanlaryň sany 19-a ýetip, 138 adamynyň-da ýaralanandygy, ejir çekenleriň arasynda çagalaryň hem bardygy aýdylýar.


Resmi maglumatlara görä, janyndan geçen hüjümçi bazaryň golaýynda içi partlaýjy jisimli ulagy partladypdyr. Orsýetiň häkimiýetleri hem dini liderleri bu hüjümi ýazgaryp, çykyş etdiler.

Ýigrimä golaý adamyň ölümine sebäp bolan Wladikawkazyň bazaryndaky hüjümde partlaýjy enjamyň kuwwatlylygy trotil ekwiwalentinde 40 kilograma barabar diýlip, habar berilýär.

9-njy sentýabrda ýerli wagt bilen 11.20-de ýaňlanan partlamada ejir çekenleriň arasynda çagalaryň hem bardygy aýdylýar. Olaryň biri – bir ýarym ýaşly çaga, ol agyr ýaralanyp, soňra keselhanada aradan çykdy.

“Interfaks” habar gullugynyň Demirgazyk Osetiýänyň Içeri işler ministrligine salgylanyp beren maglumatynda partladylan “Wolga” kysymly maşynda goňşy Inguşystanyň nomerleriniň bolandygy aýdylýar. Ýöne häzirlikçe bu hüjümiň jogapkärçiligini hiç bir topar öz üstüne alanok.

Orsýetiň Baş prokuraturasynyň metbugat-sekretary Wladimir Markin bu waka bilen bagly terrorçylykly hüjümi gurnamak boýunça jenaýat işiniň gozgalandygyny habar berdi.

“Bu waka bilen bagly Orsýet Federasiýasynyň jenaýat kodeksiniň 3 maddasy boýunça jenaýat işleri gozgaldy. Ýagny, jenaýat kodeksiniň terrorçylyk hüjümi boýunça 205-nji maddasy, iki we ikiden köp adamyň öldürilmegi bilen bagly 105-nji maddanyň 2-nji bölümi hem-de ýaraglaryň bikanun aýlanyşygy boýunça 222-nji madda boýunça jenaýat işleri gözgaldy” diýip, Baş prokuraturanyň wekili aýtdy.

Birinji hüjümiň yz ýanyndan bazaryň golaýynda içi partlaýjy maddaly ýene bir ulag tapyldy. Terrorçylara bu ikinji maşyny partlatmak başardan däldir diýlip çaklanylýar.

Ýolbaşçylar ýazgardylar

Orsýetiň ýolbaşçylary bu wakanyň yzysüre ony ýazgaryp çykyş etdiler. Orsýetiň prezidenti Dimitiý Medwedew Demirgazyk Osetiýanyň liderleri bilen geçirilen wideokonferensiýasynda heläk bolanlaryň dogan- garyndaşlaryna gynanjyny bildirip, şeýle diýdi: “Bu waka banditleriň jenaýatçy hereketi netijesinde ýüze çykdy. Bu hüjümi gurnanlar bilen hiç bir ýaraşyk we ylalaşyk bolup bilmez”.

Ýurduň premýer-ministri Wladimir Putin hem bu hüjümi ýazgardy. Ol şeýle hüjümleriň esasan ilatyň arasynda ýigrenjiň döremegi üçin amala aşyrylýandygyny aýdyp, orsýet musulmanlarynyň ekstremistlere garşy göreşe goşant goşjakdygyna ynam bildirdi. Ol öz çykyşynda: “Men şeýle ekstremistlere musulmanlaryň nähili garaýandyklaryny bilýärin. Biz orsýet musulmanlarynyň goldawyny duýarys. Biz şeýle goldawa gaty minnetdardyrys. Biz bilelikde hemme öňde duran kynçylyklary çözeris diýip hasaplaýaryn” diýdi.

Bu barada Putin Remezan aýynyň tamamlanmagy bilen bagly bellenilýän Oraza baýramy mynasybetli Orsýet müftileriniň geňeşiniň ýolbaşçysy Şeýh Rawil Gaýnutdin bilen geçiren duşuşygynda aýtdy.

Şeýh Gaýnutdin hem öz nobatynda dürli dinleriň wekillerini terrorçylara garşy bilelikde göreşmäge çagyrdy: “Biz parahatçylygy saklajak bolmaly. Bigünä adamlaryň ganynyň dökülmeginiň öňüni almaly. Meniň pikirimçe, Hudaýa ynanýanlar bu zatlary bilýärler. Ybadathanalara, metjitlere barmaýanlar, dogry ýola düşmeýänler biziň dinimiziň, biziň jemgyýetimiziň ýagysy bolup durýarlar” diýip, ol öz pikirini mälim etdi.

Kremliň kellagyrysy

Soňky döwürde Demirgazyk Kawkazda yslam ekstremistleriniň hüjümleri ýygjamlaşyp, bu region Kremliň kellagyrysyna öwürldi. Ýakynda, 4-nji sentýabrda, ölümine kaýyl bolan hüjümçi Orsýetiň Dagystandaky harby bazasyna hüjüm etdi. Şonda azyndan bäş adam hälek boldy.

Ýerli synçylaryň köpüsi bu regiondaky durnuksyzlyga ilatyň aglabasynyň garyp bolmagy hem-de bu regionda ruslaryň howpsuzlyk güýçleriniň ýerleşdirilmegi ýaly faktorlaryň öz goşandyny goşýandygyny aýdýarlar.

Bir tarapdan, ilatyň köpçüligi prawoslaw hristianlardan ybarat Demirgazyk Osetiýa Demirgazyk Kawkaz regionynda azda-kände asuda ýer hasaplanýar. Beýleki tarapdan bolsa, hut Demirgazyk Osetiýada hemmä belli Beslan tragediýasy ýüze çykdy. Şonda, 6 ýyl mundan ozal, 2004-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda 330 adam heläk bolupdy. Olaryň ýarpysyndan gowragy çagalardy.

Ozal Azatlyk Radiosynyň habarçysy bolup işlän Alan Tshurbaýew Wladikawkazda öň hem birnäçe bomba partlamasynyň bolandygyny gürrüň berdi: “Bu partlama Wladikawkazyň merkezi bazarynda bolan birinji partlama däl. 1999-njy ýylda bolan partlamada bu ýerde 52 adam heläk bolupdy. Şondan bäri ýadyma düşüşine görä, bu partlama merkezi bazarda hem onuň golaýynda bolan 4-nji partlamadyr”.

9-njy sentýabrda ýüze çykan bu waka Moskwada köp gatly ýaşaýyş jaýynyň partladylmagyndan ylaýyk 11 ýyl geçensoň ýüze çykdy. Şonda, 1999-njy ýylyň 9-njy sentýabrynda, partladylan ýaşaýyş jaýynda 94 adam heläk bolupdy. Rus häkimiýetleri bu wakany Çeçenistana garşy ikinji urşy başlamak üçin ulanypdylar.

Şu gün, 10-njy sentýabrda, Demirgazyk Osetiýada bomba partlamasyndan heläk bolanlaryň hatyrasyna matam tutulýar.
XS
SM
MD
LG