Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG-niň garyplyk boýunça sammiti öz işini tamamlaýar


Şu gün Nýu-Ýorkda Birleşen Milletler Guramasynyň dünýäniň dürli regionlaryndaky garyplyk bilen baglanyşykly meselelere bagyşlanylan üç günlük Sammiti öz işini tamamlaýar.

Bu üç günlük Sammite dünýäniň 140-a golaý döwletiniň liderleri gatnaşýarlar. Sammitde esasan BMG-niň «Müňýyllygyň ösüş maksatlary» ady bilen mundan 10 ýyl ozal kabul eden planlarynynyň ýerine ýetirilişine syn berilýär.

Düýn bu Sammitde çykyş eden köpsanly ýokary derejeli resmileriň hatarynda Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama, Hytaýyň premýer-ministri Wen Jiabao, Germaniýanyň kansleri Angela Merkel we Eýranyň prezidenti Mahmud Ahmedinejad dagylar hem boldy.

Prezident Ahmedinejad öz çykyşynda häzirki kapitalizm sistemasynyň weýran bolmaklygyň bosagasynda durandygyny we kapitalizmiň täze ykdysady sistemasyny döretmegiň zerurdygyny nygtady.

Eýranyň prezidenti öz çykyşynyň dowamynda terjimeçileriň öz çykyşyny ýalňyş terjime edýändiklerinden şikaýat edip, bir minut ýaly öz dokladyny böldi. Ýöne BMG-niň terjimeçileri onuň kommentariýalaryny däl-de, öňden terjime edilen dokladynyň tekstini okaýandyklaryny aýdyp, onuň bu şikaýatyny ret etdiler.
XS
SM
MD
LG